Döwlet daşary ykdysady iş bankynda Katar döwletiniň öňdebaryjylarynyň biri bolan “Al Qamra Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy jenap Hamad Saleh Al Kamranyň ýolbaşçylygynda biziň ýurdumyza gelen Dohaşäheriniň wekilçilikli toparynyň agzalary üçin Türkmenistanda amala aşyrylýan milli we halkara ähmiýetli iri maýa goýum taslamalarynyň tanyşdyrylyşy boldy. Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar iki dostlukly döwletleriň maýa goýum ýagdaýynyň gowulanmagyna, içerki bazaryň ösdürilmegine, täzeçil usullaryň giňden özleşdirilmegine we eksport harytlarynyň möçberleriniň artdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýändigini bellediler. Bu çäräniň baş maksady uzak geljegi nazarlaýan döwletara gatnaşyklary sazlaşykly ösdürmekden ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň mart aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Katar döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň arasynda ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň ähmiýeti bellenildi. Olaryň barşynda taraplaryň ikitraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlarynyň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn ýardam we goldaw bermäge bolan gyzyklanmalary tassyklandy. Bellenilişi ýaly, şu günki çärä milli Liderimiziň Doha şäherine bolan döwlet saparynyň çäklerinde gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň barşynda möhüm ädim bolup durýar. Hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, tanyşdyryş dabarasyna gatnaşyjylar onuň netijeleriniň täze bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdiler. Türkmenistanyň wekilleri öz çykyşlarynda Kataryň toparynyň agzalaryny döwlet syýasatynyň esasy ugurlary we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen öňe sürlen ähmiýetli maksatnamalaryň durmuşa geçirilişi bilen tanyşdyrdylar. Täzeçil döwlet syýasaty ýurdumyzyň köpugurly mümkinçilikleri bilen bilelikde milli we halkara ähmiýetli giň möçberli wezipeleriň durmuşa geçirilmegini şertlendirýär. Ähli oňyn we giň möçberli özgertmeler bäsleşige ukyply, ýurduň uzakmöhletleýin esasdaky durnukly ösüşini üpjün edýän milli syýasatyň emele gelmegini nazarlaýar. Özüniň daşary syýasatynda bitaraplyk derejesine daýanmak bilen, ýurdumyz halkara hukuk kadalaryna eýerip, dünýäniň dürli döwletleri bilen özara hormat goýmak we taraplaryň bähbitlerini nazara almak bilen, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýýar. Bu bolsa öz gezeginde türkmen döwletiniň sazlaşykly we okgunly ösüşi üçin amatly şertleriň döremegine, ähli pudaklarda, ilkinji nobatda bolsa ykdysadyýetde halkara bileleşigi bilen netijeli gatnaşyklar üçin mümkinçilikleriň artmagyna ýardam berýär. Katarly hyzmatdaşlara ýurdumyzyň önümçilik serişdelerini artdyrmagyň, olary ulanmagyň usullaryny kämilleşdirmegiň we hilini ýokarlandyrmagyň hasabyna gazanýan mümkinçilikleri görkezildi. 2016-njy ýylyň jemleri boýunça jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,2 göterime deň bolmagy milli ykdysadyýetimiziň durnukly häsiýete eýediginiň anyk görkezijisi bolup durýar. Uzak möhletleýin maýa goýum syýasaty Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň möhüm şertini emele getirýär. Özüniň geosyýasy taýdan amatly ýerleşmegi we tebigy serişdeler gorlaryna baý bolmagy netijesinde ýurdumyz häzirki döwürde daşary ýurt maýadarlary üçin uly gyzyklanma döredýär. Döwlete dahylly bolmadyk pudagyň maýa goýum işjeňliginiň ýokarlanmagyny, kärhanalary döwrebaplaşdyrmaga ýurdumyzyň hususyýetçileriniň we daşary ýurt maýalarynyň çekilmegini şertlendirýän amatly gurşawuň döredilmegi bu ulgamyň baş maksatlarynyň biri bolup durýar. Öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin daşary ýurt maýadarlarynyň işinde amatly durmuş, maliýe-ykdysady we hukuk ýagdaýyny emele getirmek boýunça anyk çäreler amala aşyrylýar. Milli ykdysadyýetimiziň maýa goýum babatda özüne çekijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen, degişli düzümi ösdürmek, şeýle hem maýadarlaryň hukugyny goramak boýunça halkara kadalaryny nazara almak bilen, milli kanunçylyk binýady kämilleşdirmek babatda toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Bu ugurdaky çäreleriň öz wagtynda durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň öňdäki orunlara çykmagyna mümkinçilik berdi. Maglumatlarda bellenilişi ýaly, olaryň möçberleri geçen ýylyň jemleri boýunça 15 göterime ýetdi. Birnäçe ugurlar, şol sanda ýangyç-energetika toplumy, ulag-aragatnaşyk pudagy, himiýa we lukmançylyk senagaty türkmen-katar hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiz üçin möhüm ähmiýeti bolan we sebitleýin energetika howpsuzlygynyň berkidilmeginde, Türkmenistanyň binýadynda yklymyň möhüm söwda ýollarynyň çatrygynda kuwwatly halkara ulag-üstaşyr geçelgesiniň döredilimeginde wajyp orun eýeleýän birnäçe giň möçberli taslamalar öňe sürüldi. Şunuň bilen baglylykda, katarly hyzmatdaşlar häzirki döwürde meýilleşdirilýän we durmuşa geçirilýän taslamalaryň esasy tapgyrlary bilen tanyşdyryldy. Türkmenistanyň Hkümetiniň halkara maýa goýum bazarynda resmi agentlikleriniň biri bolup durýan Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň durmuşa geçirýän çärelerine çykyşlar bagyşlandy. Bellenilişi ýaly, bank dürli taslamalary durmuşa geçirmek we polietilen, polipropilen önümçiligi boýunça toplumyň, kükürt kislotasynyň monogidratyny öndürmek boýunça sehiň, tebigy gazdan benzin alýan we karbamid önümçiligi boýunça zawodlaryň gurluşygyny maliýeleşdirmek üçin daşary ýurt serişdelerini çekmäge işjeň gatnaşýar. Ýurdumyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna işjeň goşulmagy şertlerinde iri kompaniýalaryň, ödebaryjy banklaryň tejribesini öwrenmek, maliýe ulgamyna dolandyryşyň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak aýratyn wajyp bolup durýar. Bellenilişi ýaly, Daşary ykdysady iş bankynyň alyp barýan işinde abraýly maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygyň berkidilmegine möhüm orun degişlidir. Olar bilen bilelikde ähmiýetli taslamalaryň birnäçesi durmuşa geçirildi. Lukmançylyk sengaty boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçilikleri barada hem tanyşdyryş dabarasynyň çäklerinde gürrüň edildi. Saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň netijesinde häzirki döwürde Türkmenistanda ödürilýän dermanlyk serişdeleriň we lukmançylyk ähmiýetli önümleriň 30-a golaý görnüşi eksport edilýär. Şonuň bilen bagllylykda, maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçrmek, şol sanda ýerli serişdeleriň we ýurdumyzyň çäginde bitýän dermanlyk ösümlikleriň esasynda bilelikdäki önümçilik kuwwatlyklaryny döretmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Şeýle hem milli Liderimiziň ykdysady syýasatynyň möhüm ugry bolup durýan hususy telekeçiligiň üstünlikli ösdürilişi bilen tanyşdyrýan çykyşldar boldy. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda önümçilik pudagynda bäsdeşlige ukyply düzüm hökmünde özüni tanadan işewürleriň işjeň topary kemala geldi. Döwlete dahylly bolmadyk pudagyň wekilleriniň alyp barýan işiniň ugurlary örän giň. Olar oba hojalyk önümlerini ösdürip ýetişdirmek, gaýtadan işlemek, gurmak, gurluşyk serişdelerini öndürmek, söwda we dürli hyzmatlar, balyk senagatyny ösdürmek bilen işjeň meşgullanýarlar. Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüş strategiýasyny ýerine ýetirmegiň barşy, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan oňyn özgertmeler syýasatynyň ähmiýeti barada gürrüň berýän wideofilm taýýarlanyp, tanyşdyryş dabarasyna gatnaşyjylara görkezildi. Gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalaryň barşynda, duşuşyga gatnaşjylar ikitaraplaýyn gatnaşyklary hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrmak barada aýtdylar we onuň geljekki ugurlaryna oňyn baha berdiler. Kataryň wekiliýetiniň agzalarynyň çykyşlarynda işewürligi alyp barmak üçin ähli zerur şertler üpjün edilen türkmen bazarynyň uly geljeginiň bardygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, özara peýdaly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirlen birnäçe teklipler aýdyldy. Katar döwletiniň wekiliýetiniň agzalarynyň Türkmenistanyň hökümetinde we birnäçe ministrliklerde, pudak edaralarda geçiren duşuşyklarynda bilelikdäki taslamalar we özara gatnaşyklaryň geljekki ugurlary jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy.