Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň energetika, senagat we mineral serişdeler ministrini kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň energetika, senagat we mineral serişdeler ministrini kabul etdi
Çap edildi 25.04.2017
1935

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň energetika, senagat we mineral serişdeler ministri Halid Bin Abdulaziz Al-Falihi kabul etdi. Duşuşygyň barşynda ileri tutulýan ugurlarda gatnaşyklaryň geljegi barada pikir alşyldy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösýändigi bellenildi. Şunda hormatly Prezidentimiziň geçen ýylyň maý aýynda Saud Arabystany Patyşalygyna bolan resmi saparynyň barşynda gazanylan ylalaşyklaryň ähmiýeti nygtaldy. Nebitgaz ulgamynda özara gatnaşyklary ösdürmek söhbetdeşligiň aýratyn meseleleriniň biri boldy. Döwlet Baştutanymyz energetika syýasatyny durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň innowasion tehnologiýalary hem-de ylmy-tehniki ösüşiň iň soňky gazananlaryny, dünýäniň esasy kompaniýalaryny hem-de daşary ýurt maýalaryny çekmäge uly üns berýändigini nygtap, Saud Arabystanyndaky hyzmatdaşlara iki ýurduň milli ykdysadyýetleri üçin esasy ulgamlarda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak mümkinçiligine garamagy teklip etdi. Şeýle hem döwlet hem-de hususy düzümleriň arasynda ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam edýän işewür duşuşyklary hem-de işewürler maslahatlaryny yzygiderli geçirmegiň maksada laýykdygy nygtaldy. Duşuşyga Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Halid Bin Faýsal Al-Sahli gatnaşdy.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
23.09
“Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy” milli konsepsiýasy tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy» tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» tassyklanyldy
top-arrow