Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Uhanda Türkmenistan we Hytaý hyzmatdaşlygyna bagyşlanan forum geçirildi
Syýasy habarlar
Uhanda Türkmenistan we Hytaý hyzmatdaşlygyna bagyşlanan forum geçirildi
Çap edildi 24.04.2017
1473

Uhanda Hytaý Halk Respublikasynyň Kubeý welaýatynyň dolandyryş merkezinde iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanylan çäreleriň jemleýji gününiň maksatnamasyna laýyklykda “Türkmenistan-Hytaý: Täze Ýüpek ýolunda hyzmatdaşlyk” atly forum geçirildi. Duşuşyga welaýatyň hökümetiniň we şäher meriýasynyň wekilleri, Uhan şäheriniň Hytaý geologiýa uniwersitetiniň ýolbaşçylary, professor-mugallymlar düzümi, Hytaýyň birnäçe sebitleriniň barlag institutlarynyň esasy ylmy işgärleri gatnaşdylar. Çärä gatnaşyjylaryň hatarynda Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmenistanly we beýleki ýurtlardan talyplar bar. Mundan başga-da, türkmen tarapyndan duşuşyga Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň hem-de Türkmen döwlet maliýe institutynyň ýaş alymlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy. Uhan şäherindäki Hytaý geologiýa uniwersitetiniň partiýa komitetiniň sekretary jenap He Guan Saý, Uhan şäheriniň halk hökümetiniň aziýa işleri boýunça daşary işler edarasynyň departamentiniň başlygy hanym Szin Wançan we beýlekiler häzirki wagtda iki döwletiň hem ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça özara düşünişmegiň oňat mysalyny görkezýändigini bellediler. Foruma gatnaşyjylaryň çykyşlarynda şeýle hem haryt dolanyşygynyň ýokary derejesi bellenildi, ol soňky ýyllarda ABŞ-nyň 10 milliard dollaryndan hem geçdi. Hytaýly hyzmatdaşlar Türkmenistanyň nebitgaz ulgamynda, dokma senagatynda, telearagatnaşyk, himiýa, gurluşyk we ulag ulgamlarynda amala aşyrylýan iri taslamalara işjeň gatnaşýarlar. Türkmen bazarynda iri hytaý kompaniýalarynyň 40-dan gowragy işleýär. Duşuşyga gatnaşyjylar şeýle hem Türkmenistanyň we Hytaýyň ynsanperwerlik ulgamynda uly mümkinçilikleriniň bardygyny bellediler, ol ylym, bilim we medeniýet ulgamlarynyň okgunly ösdürilmegine esaslanýar we ilkinji nobatda iki döwletiň häzirki zaman şertlerinde ynamly hem-de durnukly ösüşiniň möhüm şertleriniň biri bolup durýar. Çykyş edenler hyzmatdaşlygyň gerimini ösdürmek we giňeltmek barada aýtmak bilen, ynsanperwerlik ulgamynda, ilkinji nobatda, ylym we bilim ugrunda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň möhüm şert bolup durýandygyny nygtadylar. Häzirki wagtda HHR-de türkmen talyplarynyň 2 müňe golaýy okaýar. Hytaý geologiýa uniwersitetiniň ýanynda Çu –Týanýa adyndaky Türkmenistany öwrenmek boýunça merkeziň resmi açylyşy boldy. Biziň ýurdumyzyň taryhy boýunça belli hünärmenleriň biri Wang Sihaýyň ýolbaşçylyk edýän bu merkezine Türkmenistanyň HHR-däki ilçihanasy tarapyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary, şeýle hem Türkmenistan hakyndaky neşirler sowgat berildi. Şu gün biziň ýurdumyzyň wekiliýetiniň Uhan şäheriniň meriýasynyň hem-de Hytaý geologiýa uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirildi.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
23.09
“Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy” milli konsepsiýasy tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy» tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» tassyklanyldy
top-arrow