Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň milli muzeýiniň ekspozisiýasy bilen tanyşdy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň milli muzeýiniň ekspozisiýasy bilen tanyşdy
Çap edildi 19.04.2017
1618

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Astanada Gazagystanyň milli muzeýiniň ekspozisiýasy bilen tanyşdy. Gazagystanyň milli muzeýiniň toplumy 14 müň inedördül metrden gowrak umumy sergi meýdançasy bolan zallaryň 11-sini özünde jemleýär. Ekran görnüşde bolan Gazagystanyň ägirt uly 3D-kartasynyň ýüzünde görkezilen dürli ýagtylykly saz şüweleňi Türkmenistanyň Prezidentine görkezildi. Şol ekranyň ýüzünde ýurduň esasy binagärlik we taryhy gözellikleri, tebigaty, döwletiň ösmegine uly goşant goşan şahsyýetleriniň şekilleri şöhlelendirilýär. “Mengilik ýol” diýen triptih muzeýde aýratyn orun tutýar. Belli gazak suratkeşleriniň işlän bu eserinde gazak halkynyň taryhy we häzirki güni beýan edilýär. Türkmen Lideri ýazuw galereýasyna, Altyn zala baryp gördi. Bu ýerlerde Taldy-2, Yssyk, Tokaý gorganlaryndan tapylan tapyndylar, žarmin hazynasy hem-de beýleki täsin gadymy tapyndylar görkezilýär. Döwlet Baştutanymyz gazak halkynyň maddy we ruhy medeniýetine, durmuşynyň däp-dessurlaryna bagyşlanylan etnografiýa zalyna hem baryp gördi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, sergide görkezilýän türkmenleriň ak öýi ýaly ondan-oňa göçürilýän däp bolan keçeden taýýarlanan ýaşaýyş öýi esasy medeni gymmatlyklaryň biri bolup, durmuş, maşgala gatnaşyklarynyň dürli ugurlaryny aňladýar. Soňra Türkmenistanyň Baştutany Gazaystanyň Garaşsyzlyk zalyna bardy. Bu ýerde 1991-nji ýylda respublikanyň özbaşdak döwlet diýlip yglan edilen pursadyndan başlap, şu günki güne çenli ýurduň taryhy beýan edilýär. Döwlet nyşanlaryndan, sylaglardan, pul serişdelerinden, markalardan başga-da, bu ýerde ykdysadyýetiň, ylmyň we medeniýetiň ösüşini, geçirilen özgertmeleri, täze senagatyň döredilişini, daşary syýasatyň üstünliklerini görkezýän maglumatlar berilýär. Astana zalynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Garaşsyz Gazagystanyň paýtagty hökmünde Astananyň döreýşiniň, kemala gelşiniň we ösüşiniň taryhyny beýan edýän gymmatlyklaryň ýygyndysy görkezildi. Okgunly ösüş hem-de binagärlik gözelligi türkmen we gazak paýtagtlaryny ýakynlaşdyrýan esasy alamatlardyr. Bu iki paýtagt doganlyk gatnaşyklary bilen baglanyşyklydyr. Bu barada düýn ýokary derejedäki türkmen-gazak gepleşikleriniň netijeleri boýunça gol çekilen beýleki ikitaraplaýyn resminamalaryň hatarynda Ylalaşyk kabul edildi. Gazagystanyň milli muzeýinde, şeýle hem şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gazak dilinde neşir edilen eserleriniň tanyşdyryş dabarasy geçýärdi. Ol ýörite türkmen Lideriniň saparyna bagyşlandy.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
23.09
“Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy” milli konsepsiýasy tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy» tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» tassyklanyldy
top-arrow