Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Astanada Watan goragçylarynyň ýadygärligine gül dessesini goýdy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Astanada Watan goragçylarynyň ýadygärligine gül dessesini goýdy
Çap edildi 19.04.2017
2185

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Watan goragçylarynyň ýadygärligine gül dessesini goýup, Gazagystanyň halk gahrymanlaryny hatyralady. Ýakynda Astanada, “Akorda” köşgünde ýokary derejedäki türkmen-gazak gepleşikleri geçirildi. Şol gepleşikler netijeli syýasy gatnaşyklary has-da ösdürmäge, döwletara söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer aragatnaşyklary giňeltmäge itergi bermek üçin täze ugurlary kesgitledi. Duşuşykda bellenilişi ýaly, dünýä derejedäki esasy meselelere bolan umumy garaýyş, hoşniýetli goňşuçylyk däpleri, özara hormat goýmak, açyklyk we ynanyşmak, ruhy gymmatlyklaryň umumylygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň binýadydyr. Şeýle egsilmez gymmatlyklaryň biri faşizme garşy ýowuz gandöküşikli söweşde mähriban topragyň azatlygyny goran merdana goragçylaryň, häzirki we geljekki nesilleriň röwşen geljeginiň bähbidine wepat bolanlaryň hatyrasyny tutmakdyr. Agyr uruş ýyllarynda gaýduwsyz türkmenistanly esgerleriň müňlerçesi beýleki doganlyk halklaryň wekilleri bilen egin-egne berip, janlaryny aýaman frontlarda söweşip, deňsiz-taýsyz edermenlik we gahrymançylyk görkezdiler. Şolaryň arasynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhamet Annaýew hem bar. Onuň ömür ýoly häzirki wagtda türkmen ýaşlary üçin hakyky watançylygyň, ak ýürekliligiň hem-de borja wepalylygyň nusgasy bolup hyzmat edýär.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
23.09
“Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy” milli konsepsiýasy tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy» tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» tassyklanyldy
top-arrow