Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Mejlisinde Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň deputatlarynyň wekiliýeti bilen duşuşyk boldy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Mejlisinde Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň deputatlarynyň wekiliýeti bilen duşuşyk boldy
Çap edildi 19.04.2017
1411

Mejlisde däbe öwrülen parlamentara gatnaşyklaryň çäginde Ýewropa parlamentiniň wise-başlygy jenap Rişard Çarneskiniň ýolbaşçylygynda ýurdumyza iş sapary bilen gelen Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň deputatlary bilen duşuşyk boldy. Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky däp bolan döredijilikli gatnaşyklaryň wajyp bölegi hökmünde öňe çykýan parlamentara hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljekki ösüşi barada pikir alyşmalar boldy.Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen köptaraply gatnaşyklaryny mundan beýläk hem çuňlaşdyrmaga ýardam berjek parlamentara maslahatlary we duşuşyklary yzygiderli geçirmegiň möhümdigi bellenildi. Gender syýasaty, mümkinçiligi çäkli adamlaryň goragy boýunça bilelikde hereket etmegiň meselelerine aýratyn üns berildi. Bellenilişi ýaly, bu ugurda Türkmenistan zenanlary ýurduň jemgyýetçilik-syýasy we durmuş-ykdysady durmuşyna işjeň çekmek, jemgyýetde maýyplaryň mynasyp orun eýelemegi boýunça netijeli çäreleri amala aşyrmakda görelde bolup durýar. Myhmanlar Türkmenistanyň ýokary kanunçykaryjy edarasynyň esasy ýerine ýetirýän işleri we wezipeleri bilen tanyşdyryldy. Bellenilişi ýaly, kanunçykaryjylygyň dünýä tejribesiniň esasy ugurlaryny özünde jemlän pugta kanunçylyk binýady döredildi. Bu bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň wajyp konwensiýalaryna goşulmak bilen birlikde ýurdumyzyň halkara hukuk giňişligine üstünlikli ýakynlaşmagyna ýardam edýär. Bitarap Türkmenistan ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär. Adamyň bähbitlerini hem-de hukuklaryny goramak, jemgyýetde ýokary ynsanperwer ýörelgeleri we gymmatlyklary ornaşdyrmak ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň wajyp ugurlary bolup durýar, dünýä tejribesinde umumy ykrar edilen hukuk kadalaryna ygrarly bolan döwletimiz üstüne alan borçnamalaryna yzygiderli eýerýär. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylyň güýzünde Ýaşulular maslahatynda ählihalk tarapyndan ara alnyp maslahatlaşylyp, kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze rejelenen görnüşiniň ähmiýeti nygtaldy. Esasy Kanunymyz adamy ýurduň iň ýokary gymmatlygy hökmünde yglan edýär, raýat hukuklarynyň we azatlyklarynyň ähli görnüşlerini kepillendirýär, halkyň abadan durmuşy üçin ähli zerur şertleri döredýär. Duşuşyga Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça Ýewropa Bileleşiginiň ýöriteilçisi jenap Peter Burian we Türkmenistanda Ýewropa Bileleşiginiň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili jenap Lýubomir Frebort hem gatnaşdylar. Ýewropa parlamentiniň wekiliýetiniň saparynyň maksatnamasynda dürli ministrliklerde, pudak edaralarynda we jemgyýetçilik guramalarynda birnäçe duşuşyklary geçirmek hem göz öňünde tutulýar.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
23.09
“Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy” milli konsepsiýasy tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy» tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» tassyklanyldy
top-arrow