Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti 18-19-njy aprelde Gazagystan Respublikasynda döwlet sapary bilen bolar
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti 18-19-njy aprelde Gazagystan Respublikasynda döwlet sapary bilen bolar
Çap edildi 14.04.2017
1359

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 18-19-njy aprelde Gazagystan Respublikasynda döwlet sapary bilen bolar. Döwlet Baştutanymyzyň Astana boljak saparyna görülýän taýýarlyk barada hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow hasabat berdi. Mejlisde döwletara gatnaşyklarynyň okgunly häsiýeti bellenildi. Hormatly Prezidentimiz öňde boljak ýokary derejedäki duşuşygyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köptaraply mümkinçiliginiň ösdürilmegine we hyzmatdaşlygyň täze möhüm ugurlaryna çykylmagyna ýardam etjekdigini belledi. Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň türkmen tarapynyň düzümini tassyklamak hakyndaky Karara gol çekdi. Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň oktýabr aýynda ýola goýuldy.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow