Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Wideoşekilli maslahatda welaýatlarda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşyna hem-de Türkmen bedewiniň baýramyna taýýarlyk meselelerine garaldy
Syýasy habarlar
Wideoşekilli maslahatda welaýatlarda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşyna hem-de Türkmen bedewiniň baýramyna taýýarlyk meselelerine garaldy
Çap edildi 14.04.2017
1506

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Aşgabat şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda geçiren göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryna, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýyna, şeýle hem ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly senelere taýýarlyk işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Aşgabat şäheriniň häkimi ýurdumyzyň baş şäherini abadanlaşdyrmak, paýtagtymyzyň ýol-ulag düzümini yzygiderli kämilleşdirmek, şäher ilatynyň durmuş düzümini mundan beýläk-de gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler, Türkmen bedewiniň baýramyna we Aziada-2017-ä görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösuş ýoluna düşen paýtagtymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň meselelerine degip geçmek bilen, bu ugurda öňde durýan wezipeleriň möhümdigine ünsi çekdi. Welaýatlaryň häkimleri gowaça ekişiniň barşy hem-de galla oragyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdiler. Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde welaýatlarda gurulýan desgalardaky işleriň ýagdaýy hem-de Türkmen bedewiniň baýramyna görülýän taýýarlyk barada habar aýdyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häkimlere gowaça ekişini guramaçylykly geçirmek, galla oragyna taýýarlyk görmek, oba hojalyk ekinlerini zyýan berijilerden goramak çärelerini göwnejaý geçirmek babatynda birnäçe tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz durmuş medeni maksatly desgalaryň gurluşygynyň depginlerini ýokarlandyrmak, ilatyň durmuş derejesini mundan beýläk ýokarlandyrmak meselelerini gözegçilikde saklamagy talap etdi.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow