Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Prezident Aleksandr Lukaşenko hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Belarusa gelip görmäge çagyrdy
Syýasy habarlar
Prezident Aleksandr Lukaşenko hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Belarusa gelip görmäge çagyrdy
Çap edildi 08.04.2017
1309

Belarus Respublikasynyň Prezidenti hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hat iberip, Türkmenistanda özüniň mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Hatda şeýle diýilýär: “Ikitaraplaýyn möhüm ylalaşyklaryň gazanylandygy, birnäçe resminamalara gol çekilendigigi guwançly ýagdaýdyr. Olaryň durmuşa geçirilmegi belarus-türkmen gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine kuwwatly itergi berer. Meniň saparym Garlyk dag-magdan baýlaşdyryjy toplumyň ulanmaga berilmegi we Aşgabatda Belarus Respublikasynyň ilçihanasynyň binalar toplumynyň açylmagy ýaly taryhy ähmiýetli şanly wakalara gabat geldi. Munuň özi biziň döwletlerimiziň hyzmatdaşlygy ösdürmäge, bilelikdäki giň möçberli taslamalary durmuşa geçirmäge taýýarlygynyň aýdyň subutnamasydyr. Açyklyk we mähirli ýagdaýda geçýän her ýylky duşuşyklar indi asylly däbe öwrüldi we olar özara gatnaşyklaryň sazlaşykly ösüşe eýe bolmagyny şertlendirýär”. Şeýle hem Aleksandr Lukaşenko türkmen kärdeşini islendik amatly wagtda Belarusa gelip görmäge çagyrdy.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow