Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde iş maslahatyny geçirdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde iş maslahatyny geçirdi
Çap edildi 07.04.2017
1328

Hormatly Prezidentimiz Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Döwlet Baştutanymyz dürli ulgamlardaky, sebitlerdäki işleriň ýagdaýy hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalaryň ýerine ýetirilmegi bilen baglanyykly geçirilýän çäreler, öňde boljak baýramçylyk dabaralaryna görülýän taýýarlyk baradaky olaryň hasabatlaryny diňledi. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen “Aziada-2017: parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy” atly kongresiň jemleri maslahatda garalan aýratyn mesele boldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Aziada-2017-ä taýýarlyk görmegiň ýokary derejesini üpjün etmek babatynda degişli düzümleriň öňünde durýan ilkinji nobatdaky wezipeleri kesgitledi, bu Oýunlar halkara sport hereketiniň mundan beýläkde ösdürilmegine uly goşant goşmalydyr, şeýle hem milli sportuň dünýä derejesindäki ornuny ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Döwlet Baştutanymyz Aziada-2017-niň başlanmagyna galan döwrüň dowamynda bu ugurda ähli tagallalaryň edilmelidigini hem-de zerur çäreleriň görülmelidigini belläp, maslahaty tamamlady.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow