Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatoryny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatoryny kabul etdi
Çap edildi 07.04.2017
1373

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Aleksandr Žilkini kabul etdi. Ol Russiýanyň wekiliýetiniň düzüminde ýurdumyzda giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk gününe gabatlanyp geçirilýän “Aziada-2017: parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy” atly Halkara kongrese gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasy we onuň sebitleri, şol sanda Astrahan oblasty bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtady. Milli Liderimiz Türkmenistan bilen bu sebiti taryhyň dowamynda emele gelen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýan ysnyşykly ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň baglanyşdyrýandygyny belledi. Söhbetdeşligiň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow myhmany şu ýylyň güýzünde Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdyrdy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň arasynda ilkinji bolup, bu ägirt uly sport baýramçylygyny geçirmek hormatyna eýe boldy. Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň bu çözgüdi olimpiýa hereketiniň belent ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän ýurdumyza uly ynam bildirilýändiginiň hem-de onuň gazanýan üstünlikleriniň ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda kuwwatly sport binýadynyň döredilýändigi aýratyn nygtaldy. Türkmen paýtagtyndaky Olimpiýa şäherjigi – wezipesi hem-de binagärlik çözgüdi babatda dünýäniň iň gowy olimpiýa toplumlaryndan birjik-de pes durmaýan ägirt uly toplum şol binýadyň merkezine öwrüler. Şunuň bilen baglylykda, myhman Astrahan oblastynyň ýokary we ýöriteleşdirilen okuw mekdeplerinde bilim alýan we daşary ýurt dillerini bilýän türkmen talyplarynyň hataryndan meýletinçileri ibermek baradaky teklibi beýan etdi. Olar Aşgabatda Aziada-2017-niň sport çäreleriniň geçirilýän günlerinde işlärler. Gürrüňdeşligiň dowamynda söhbetdeşler şeýle hem sport ulgamynda, sagdyn durmuş ýörelgesini berkitmekde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ösdürmegiň we giňeltmegiň wajypdygyny bellediler. Bu babatda eýýäm üstünlikli gatnaşyklaryň, şol sanda sportuň suw görnüşlerinde hem-de syýahatçylyk sportunda hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň ösdürmegiň we giňeltmegiň wajypdygy bellenildi. Hazaryň kenarynda döredilýän “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna we onuň ajaýyp sport hem-de myhmanhana toplumlaryny nazara almak bilen, bu gatnaşyklary has-da ösdürmek üçin ähli mümkinçilikler bar.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow