Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti: Aziada-2017 türkmen sportunyň ösüş taryhynda hil taýdan täze tapgyry alamatlandyrar
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti: Aziada-2017 türkmen sportunyň ösüş taryhynda hil taýdan täze tapgyry alamatlandyrar
Çap edildi 07.04.2017
1824

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Aziada-2017: parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy” atly kongresde Türkmenstanda 2017-nji ýylda bu ugurda iň iri hem-de wekilçilikli sport çäresiniň - Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýularynyň geçirilmegi türkmen sportunyň ösüş taryhynda hil taýdan täze tapgyry alamatlandyrar diýip nygtady. Şonuň bilen birlikde ýurdumyzy yklymda halkara spot hyzmatdaşlygynyň öňdebaryjylarynyň birine öwürmäge, biziň daşary syýasatymyzyň möhüm bölegi hökmünde dünýä olimpiýa hereketiniň ulgamyna doly we netijeli goşulyşmaga gönükdirilen Türkmenstanyň sport diplomatiýasyny netijeli durmuşa geçirmäge täze mümkinçilikler açylýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Hormatly Prezidentimiz bu işleriň çäklerinde Türkmenstan BMG-niň Sport ösüşiň we parahatçylygyň bähbidine Halkara býurosy, ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara topary, Bütindünýä saglyk guramasy, halkara hökümete degişli bolmadyk guramalar, ilkinji nobatda, Halkara olimpiýa komiteti we Aziýa Olimpiýa geňeşi, şeýle hem sportuň görnüşleri boýunça halkara we sebit guramalary bilen hyzmatdaşlygyň giňeldiljekdigine ynam bildirdi.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow