Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
RLDP-nyň başlygy Wladimir Žirinowskä Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulysy” diýen at gowşuryldy
Syýasy habarlar
RLDP-nyň başlygy Wladimir Žirinowskä Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulysy” diýen at gowşuryldy
Çap edildi 07.04.2017
1433

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Türkmenbaşy şäherinde geçýän dabaralara gatnaşýan Russiýanyň Liberal-demokratik partiýasynyň ýolbaşçysy Wladimir Žirinowskä “Hormatly il ýaşulysy” diýen ady dakmak hakynda şahadatnamany we döşe dakylýan tapawutlandyryş nyşanyny gowşurdy. Ýola goýlan däbe görä myhmana türkmen milli dony, telpegi geýdirilip guşak guşaldy. Dabara ýurdumyza gelen rus wekiliýetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda geçirildi. Wladimir Žirinowskiý bildirilen ýokary hormat üçin hoşallyk bildirip, ýurdumyzda gören ähli zatlaryna begenýändigini we olardan ruhunyň galkynýandygyny ýene-de bir gezek nygtady. Myhmanyň belleýşi ýaly, nesilden-nesle geçirilip gelinýän hem-de milli özboluşly häsiýetiň esasynda duran ajaýyp parasatly däp-dessurlaryň eýesi bolan myhmansöýer türkmen halkyna ol hemişe aýratyn mähir bilen garaýar. *** Şu gün RLDP-nyň başlygy myhmanlara we dynç alýanlara bir mahallar ulanylan awtomobilleri, elekromobilleri, atly paýtunlary we beýlekileri hödürleýän ýörite dynç alyş merkeziniň hyzmatlaryndan peýdalanyp, ""Awaza"" milli syýahatçylyk zolagy boýunça tanyşlyk gezelenjini amala aşyrdy. Wladimir Žirinowski “Çaýka” diýen ýokary derejeli ak awtoulagda aýlandy. Rus wekiliýetiniň agzalary hem atly paýtunlara münüp, syýahatçylyk zolagynyň hem-de Hazaryň kenarýakasynyň gözelliklerini synladylar.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow