Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti: jynsparazlyga, milleti boýunça kemsidilmeleriň dürli görnüşine, ekstremizme garşy hereket sport hereketiniň taglymynda mäkäm orun aldy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti: jynsparazlyga, milleti boýunça kemsidilmeleriň dürli görnüşine, ekstremizme garşy hereket sport hereketiniň taglymynda mäkäm orun aldy
Çap edildi 07.04.2017
1264

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Awazada sport kongresinde çykyş edip, häzirki wagtda jynsparazlyga, milleti boýunça kemsidilmeleriň dürli görnüşine, ekstremizme garşy hereket dünýä sport şygarlarynyň birine öwrülendigini, onuň halkara sport hereketiniň taglymynda mäkäm orun alandygyny belledi. Türkmenistanda şeýle düşünjeler çagalykdan, mekdeplerde, ýokary okuw mekdeplerinde, goşun bölümlerinde terbiýelenilýär, onuň netijesi myhmansöýerlikde we biziň watandaşlarymyzyň daşary ýurtlarynyň wekillerine olaryň milletine hem-de haýsy dine uýýandygyna garamazdan, hoşniýetli gatnaşyklarynda ýüze çykýar. Biziň ýurdumyz halkara sport hereketiniň belent ynsanperwerlik taglymlaryna ygrarlydygyny iş ýüzünde subut edýär. Sport halkara hyzmatdaşlygynyň örän möhüm bölegi boup, özara ynam, hormat goýmak we özara düşünişmek ýagdaýyny kemala getirmäge uly goşant goşýar diýip, türkmen Lideri nygtady. Türgenler – parahatçylygyň ilçileridir, olar öz ussatlygy we erki bilen adalatly bäsleşikde olimpiýanyň belent taglymlaryny ösdurýärler, ýaşlar üçin görelde bolýarlar, sagdyn durmuş ýörelgesiniň ýola goýulmagyna, işjeň durmuş garaýyşlaryň kemala gelmegine ýardam berýärler.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow