Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň halkyny «Suw damjasy-altyn dänesi» baýramy bilen gutlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň halkyny «Suw damjasy-altyn dänesi» baýramy bilen gutlady
Çap edildi 01.04.2017
1498

Döwlet baştutanynyň gutlagynda: «Gadymýetden bäri ekerançylygyň kämil nusgalaryny döredip gelen ata-babalarymyz ýurdumyzyň gurak howa şertlerini gowulandyrmak, sahawatly ýaýlalarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek hem-de ekinleriň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek ugrunda yhlas bilen tutanýerli zähmet çekipdirler. Muňa türkmen düzleriniň, sähralarynyň, daglyk zolaklarynyň köp ýerlerinde adam elleri bilen gurlup, döredilen guýylar, kärizler, howdanlar, akabalar, köller, ýaplar we beýleki suw desgalary doly şaýatlyk edýär. Suwuň asla ýok ýerlerine hem dürli usullar bilen suw eltmegi başaran ata-babalarymyzyň asylly däplerinden ugur alyp, häzirki döwürde ýurdumyzda suw serişdelerini aýawly saklamak we ondan tygşytly peýdalanmak boýunça giň gerimli maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Soňky ýyllarda suw serişdelerini aýawly we rejeli peýdalanmak boýunça köp işler amala aşyrylýar. Suw tygşytlaýjy tehnologiýalary, ylmyň gazananlaryny, suw hojalyk desgalarynyň we ulgamlarynyň gurluşyklarynda öňdebaryjy tejribeleri önümçilige ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işleri alyp barýarys. Biz «Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça Baş maksatnamany» kabul etdik. Ýurdymyzyň dürli künjeklerinde döwrebap agyz suwy zawodlarynyň, suw arassalaýjy desgalaryň yzygiderli gurlup, ulanmaga berilmegi bu ugurda amala aşyrylýan toplumlaýyn işleriň aýdyň mysalydyr. Döwrüň uly desgasy bolan «Altyn asyr» Türkmen kölüniň ikinji nobatdakysynyň gurluşyk işleri hem güýçli depginlerde alnyp barylýar. Bu köle ýurdumyzyň ekerançylyk ýerlerinde toplanan zeý suwlarynyň akdyrylmagy netijesinde, şor suw akabalarynyň işleýşi kadalaşýar. Ýerasty suwlaryň peselmegi, ýerleriň melioratiw ýagdaýynyň gowulanmagy netijesinde oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygy ýokarlanýar hem-de Garagum çölüniň ösümlik we haýwanat dünýäsi yzygiderli baýlaşýar. Dünýäniň iň uly çölleriniň biri bolan Garagumuň jümmüşinde täze emeli köliň döredilmegi diňe bir biziň ýurdumyzyň däl-de, eýsem tutuş sebitiň ekologiýa ýagdaýynyň gowulanmagyna we daşky gurşawyň ygtybarly goralmagyna oňyn täsir edýär. Biz mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, ýurdumyzda suw hojalygyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek üçin mundan beýläk-de giň gerimli işleri amala aşyrarys» - diýilýär.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow