Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Ýokary derejedäki türkmen-belarus gepleşikleriniň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi
Syýasy habarlar
Ýokary derejedäki türkmen-belarus gepleşikleriniň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi
Çap edildi 30.03.2017
1391

Aşgabatda Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Prezidentleriniň arasynda gepleşikler tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi. Iki ýurduň Liderleri Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler. Döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Jenaýatçylyga garşy göreşmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Belarus Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Medeniýet we sungat babatda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Belarus Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2017–2020-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasyny tassyklamak hakynda Teswirnama; 2016-njy ýylyň 11-nji maýyndaky Türkmen-Belarus Söwda öýi tarapyndan Belarus Respublikasynyň çäklerine we Belarus-Türkmen Söwda öýi tarapyndan Türkmenistanyň çäklerine getirilýän harytlary goşulan baha üçin salgytlardan boşatmak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Belarus Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşyga harytlaryň Sanawyny tassyklamak hakynda Teswirnama gol çekildi. Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti bilen Belarus Respublikasynyň Sport we syýahatçylyk ministrliginiň arasynda 2017-2018-nji ýyllarda syýahatçylyk babatda Hyzmatdaşlyk Maksatnamasy kabul edildi. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen «Belarus döwlet tehnologik uniwersiteti» bilim edarasynyň arasynda ylmy-tehniki we innowasion iş hem-de ylmy işgärleri taýýarlamak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda gol çekilenYlalaşyk; Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Polosk döwlet uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda gol çekilen Ähtnama; Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen Belarusuň alyjylar kooperasiýasynyň söwda-ykdysady uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda gol çekilen Şertnama; Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen «Brest döwlet tehniki uniwersiteti» bilim edarasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda gol çekilen Şertnama; Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen «Brest döwlet tehniki uniwersiteti» bilim edarasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda gol çekilen Şertnama; Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty bilen «A.S.Puşkin adyndaky Brest döwlet uniwersiteti» bilim edarasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda gol çekilen Şertnama ylym we bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk edilmegine degişli boldy.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow