Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti: Belarus bilen haryt dolanyşygynyň artdyrylmagynda işewür jemgyýetçiligine esasy orun berilýär
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti: Belarus bilen haryt dolanyşygynyň artdyrylmagynda işewür jemgyýetçiligine esasy orun berilýär
Çap edildi 30.03.2017
1553

Aşgabatda geçirilýän giňişleýin düzümdäki türkmen-belarus gepleşiklerinde hormatly Prezidentimiz 2016-njy ýylda iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň oňyn depginlerini belledi. Ol 2015-nji ýyl bilen deňeşdireniňde 4,4 göterim ýokarlandy. Döwlet Baştutanymyz Belarusyň ýurdumyzyň öňden gelýän hem-de ygtybarly söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny aýtdy. Şunuň bilen birlikde, özara haryt dolanyşygynyň bar bolan möçberi we sanawy özara mümkinçiliklere laýyk gelmeýär. Şunuň bilen baglylykda, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-belarus toparyna Minsk şäherinde geçiriljek nobatdaky 8-nji mejlisiniň barşynda bu ýagdaýy seljermek hem-de bu babatda anyk teklipleri bermek tabşyrylar. Döwlet Baştutanymyz häzir haryt dolanyşygyny diwersifikasiýalaşdyrmaga, goşulyşmagyň geljegi uly görnüşlerini gözläp tapmaga, önüm öndürijileriň arasynda has ýakyn gatnaşyklaryny ýola goýmaga gönükdirilen täze çemeleşmeleriň gerekdigini aýdyp, iki ýurduň işewürler toparlarynyň işine uly umyt baglanýandygyny belledi. Şunuň baglylykda, ýurtlaryň ikisinde hem özara sergi-söwda işini işjeňleşdirmegiň, işewürler maslahatlaryny geçirmegiň zerurdygy barada aýdyldy. Milli Liderimiz soňky gezek şeýle çäreleriň 2014-2015-nji ýyllarda geçirilendigini belläp, belarusly hyzmatdaşlara olary şu ýyl ýa-da geljek ýyl guramagyň mümkinçiligine garamagy teklip etdi.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow