Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistan we Belarus halkara meselelerinde ileri tutýan ugurlaryny deňeşdirdiler
Syýasy habarlar
Türkmenistan we Belarus halkara meselelerinde ileri tutýan ugurlaryny deňeşdirdiler
Çap edildi 30.03.2017
1251

Aşgabatda iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde geçirilýän türkmen-belarus gepleşiklerinde halkara guramalarynyň çäklerinde özara hereket etmegiň tejribesini dowam etmegiň maksat edinilýändigi tassyklanyldy. Mysal üçin, Belarus Respublikasy BMG-nyň Baş Assambleýasynyň şu mejlisiniň barşynda biragyzdan kabul edilen “Halkara Bitaraplyk güni” diýen Kararnamasynyň türkmen taslamasynyň awtordaşy hökmünde çykyş etdi. Şunuň bilen baglylykda, dürli halkara düzümlerinde durnukly energetika we energetika howpsuzlygy, ulag, ýaragsyzlanmak meselesi, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, Durnukly Ösüşiň Maksatlaryny gazanmak ýaly ugurlar boýunça iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň uly geljegini görýäris diýip, milli Liderimiz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary Belarus wekiliýetiniň geçen ýylyň noýabrynda Aşgabatda BMG-niň Durnukly ulag boýunça ählumumy maslahatyň işine işjeň gatnaşmagyny minnetdarlyk bilen belledi. Türkmenistan we Belarus Respublikasy halkara terrorçylygy, neşeleriň bikanun dolanyşygy, serhetüsti jenaýatçylyk ýaly häzirki döwrüň wehimlerine we howplaryna garşy göreşmek maksadynda işjeň gatnaşyklary dowam ederler.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow