Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Aşgabat we Minsk iki paýtagtyň parahatçylyk döredijilik işlerinde özara daşary syýasy goldawlaryny tassyklaýar
Syýasy habarlar
Aşgabat we Minsk iki paýtagtyň parahatçylyk döredijilik işlerinde özara daşary syýasy goldawlaryny tassyklaýar
Çap edildi 30.03.2017
1846

Aşgabatda, “Oguzhan” Köşkler toplumynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň arasynda gepleşikler geçýär. Ýokary derejedäki ikiçäk görnüşdäki duşuşykdan soň, gepleşikler giňişleýin düzümde – iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdi. Türkmenistan Belarusy hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn görnüşinde, şeýle hem halkara guramalarynyň çäklerinde möhüm syýasy hyzmatdaşy hasaplaýar. Iki döwlet dünýäniň gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça doly özara düşünişýärler. Ýurtlaryň ikisi hem ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy saklamagyň we berkitmegiň, Birleşen Milletler Guramasynyň ornunyň pugtalandyrylmagynyň, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny berjaý etmegiň, dünýä işlerinde deňhukuklylygy, birek-birege hormat goýmagy we adalatlylygy bekarar etmegiň tarapdarlary bolup durýar. Bu mesele häzir dünýäniň käbir sebitlerinde bolup geçýän belli wakalar bilen baglylykda aýratyn ähmiýete eýe boldy. Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň olara çemeleşmeleri halkara hukugynyň kadalaryna hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň tertipnamasyna esaslanandyr. Biziň ýurtlarymyz ähli halkara we içerki dawalaryň diňe parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdeler arkaly çözülmelidir diýen pikire uýýarlar. Taraplar parahatçylyk döredijilik işlerine hemmetaraplaýyn ýardam etmäge taýýardygyny tassykladylar. Türkmenistan we Belarus Respublikasy abraýly halkara guramalaryň, ozaly bilen Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde, şeýle hem Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda hyzmatdaşlygyň baý tejribesini topladylar.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow