Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko resmi sapar bilen Aşgabada geldi
Syýasy habarlar
Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko resmi sapar bilen Aşgabada geldi
Çap edildi 29.03.2017
1369

Aşgabatda ýokary derejedäki türkmen-belarus gepleşikleri geçiriler. Oňa gatnaşmak üçin Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar paýtagtymyza geldi. Iki döwletiň Prezidentleriniň saparyň barşynda Aşgabatda Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň binasynyň, şeýle hem Lebap welaýatynda kaliý dökünleriniň önümçiligi boýunça Garlyk dag-magdan baýlaşdyryjy toplumynyň açylyş dabaralaryna gatnaşmagyna garaşylýar. Türkmen tarapynyň Aziýada iri kaliý dökünleriniň önümçiligi boýunça Garlyk dag-magdan baýlaşdyryjy toplumyň taslamasynyň gurluşygyny bäsleşigiň netijesi boýunça “Belgorhimprom” açyk paýdarlar jemgyýetine ynanmagy uzakmöhletleýin gatnaşyklaryň aýratyn ynanyşmak häsiýetine eýediginiň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasynda 1993-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan pursatyndan bäri döwletara, hökümetara we pudagara resminamalarynyň 119-syna gol çekildi, olar häzirki wagtda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlarynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny kadalaşdyrýar. Iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy oňyn häsiýete eýedir. Türkmenistan tarapyndan Belarusda öndürilen oba hojalyk tehnikalaryny satyn almagyň köpýyllyk iş tejribesi, Aşgabatda we Minskidpe iki ýurduň Söwda öýleriniň netijeli işelmegi, Söwda-senagat edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça Işewürlik geňeşiniň işi hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň özara bähbide eýe bolýandygynyň subutnamasydyr.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow