Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň Türkmenistana saparynyň barşynda iki ýurduň wekiliýetleriniň giňişleýin düzümdäki mejlisi geçirildi
Syýasy habarlar
Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň Türkmenistana saparynyň barşynda iki ýurduň wekiliýetleriniň giňişleýin düzümdäki mejlisi geçirildi
Çap edildi 28.03.2017
1211

Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Karen Karapetýanyň Türkmenistana saparynyň barşynda hormatly Prezidentimiziň dostlukly ýurduň hökümetiniň Baştutany bilen bolan duşuşygyndan soň, iki ýurduň wekiliýetleriniň giňişleýin düzümdäki mejlisi geçirildi. Gepleşikleriň barşynda wekiliýetleriň agzalary sebit we halkara syýasatyň özara gyzyklanma bildirilýän wajyp meseleleriniň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar. Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň hem-de Ermenistan Respublikasynyň arasyndaky däp bolan dostluk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler. Haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmagyň, birek-birege iberilýän harytlaryň sanawyny giňeltmegiň hasabyna netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge çalyşylýandygy bellenildi. Taraplar ulag-aragatnaşyk we beýleki pudaklarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek babatda pikirlerini aýtdylar. Ynsanperwer-medeni ulgamda, taryhy-medeni ýadygärlikleri gorap saklamak işinde özara gatnaşyklary giňeltmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow