Baş sahypa
\
Sport
\
Kikboksing boýunça türkmen türgenleri Rigada halkara ýaryşynda üstünlikli çykyş etdiler
Sport
Kikboksing boýunça türkmen türgenleri Rigada halkara ýaryşynda üstünlikli çykyş etdiler
Çap edildi 27.03.2017
2500

Latwiýanyň paýtagty Rigada geçen iri halkara ýaryşynda kikboksingçi ussatlarymyz hem ajaýyp üstünlik gazandylar. Bu ýaryşda türkmen türgenleri “Full-kontakt” görnüşi boýunça umumytoparlaýyn hasapda birinji orny eýelediler hem-de bu görnüşde altyn medallaryň dokuzysyny, kümüş medallaryň üçüsini we bürünç medallaryň birini gazandylar. Ozal habar berlişi ýaly, bu ýaryş 11 ýurtdan 300 töweregi türgeni özünde jemledi. Biziň toparymyzyň düzüminden Nurmuhammet Ataýew (54kilograma çenli agram derejesinde), Ramin Kasymow (57 kilograma çenli agram derejesinde), Said Fakirow (81 kilograma çenli agram derejesinde), Ylham Geldimämmedow (91 kilogramdan ýokary agram derejesinde), Aýgül Babaýewa (50 kilograma çenli agram derejesinde), Saýara Bahramowa (52 kilograma çenli agram derejesinde), Farida Gutlymyradowa (56 kilograma çenli agram derejesinde), Bibinabat Çaryýewa (63,5kilograma çenli agram derejesinde) we Gülzada Çarygulyýewa (65kilograma çenli agram derejesinde) hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna çykdylar. Aýnabat Jumamyradowa (50 kilograma çenli agram derejesinde), Aýgözel Gurbangeldiýewa (52 kilograma çenli agram derejesinde) we Selbi Kulyşewa (60 kilograma çenli agram derejesinde) kümüş medaly eýelediler. Hajymyrat Geldimämmedow (75 kilograma çenli agram derejesinde) bolsa bürünç medala mynasyp boldy. Ýokarda ady tutulan kikboksçylarymyzyň hemmesi diýen ýaly K-1 görnüşde hem tapawutlandylar. Bu görnüşde ildeşlerimiz bäş altyn, bäş kümüş we dört bürünç medallary eýelediler. “Light kontakt” görnüşinde Sylap Sylabow (57 kilograma çenli agram derejesinde) ýene bir altyn medala mynasyp boldy. Kikboksing milli federasiýasynyň tälimçileriniň we ýolbaşçylarynyň janypkeşlik bilen zähmet çekmekleri netijesinde türkmen türgenleriniň ussatlyk derejesi barha ýokarlanýar. Bu, elbetde, bizi örän guwandyrýar, çünki bu türgenlerimiz söweş sungatlarynyň bu görnüşi boýunça Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda baýraklar ugrunda bäsleşerler.

Soňky habarlar
21.08
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy
21.08
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
20.08
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ählumumy abadançylygyň baş şertidir
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
top-arrow