Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Mejlisinde duşuşyk
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Mejlisinde duşuşyk
Çap edildi 23.03.2017
1328

Türkmenistanyň Mejlisinde Daniýa Patyşalygynyň Parlamentiniň deputaty, Daniýanyň ÝHHG-daky Parlament Assambleýasynyň wekiliýetiniň başlygy jenap Peter Ýuel Ýenseniň ýolbaşçylygynda paýtagtymyza gelen wekilçilikli topar bilen duşuşyk boldy. Duşuşygyň dowamynda myhmanlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Bitarap Türkmenistanyň amala aşyrýan hem-de ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň bähbidine ýola goýulýan giň halkara hyzmatdaşlyk ugruna eýerýän içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy. Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşine, halkymyzyň abadançylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen giň möçberli özgertmeler maksatnamasynyň ýerine ýetirilmegini kanunçylyk taýdan üpjün etmekde Mejlisiň alyp barýan işi duşuşygyň esasy meselesi boldy. Dünýäniň syýasy, ykdysady we hukuk giňişligine işjeň utgaşýan Türkmenistan demokratik edaralaryň ösüşine, halk häkimiýetlilik esaslarynyň berkidilmegine we milli kanunçylygyň kämilleşdirilmegine hem-de umumy ykrar edilen halkara kadalaryna laýyk getirilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Şunuň blen baglylykda, abraýly halkara guramalary, şol sanda Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy bilen özara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigi bellenildi. Wekiliýetiň baştutany Daniýa Patyşalygynyň Parlamentiniň düzümi we onuň işi bilen tanyşdyryp, iki ýurduň parlamentarileriniň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurt üçin hem gyzyklanma bildirilýän kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmak maksady bilen, has ýygjam gatnaşyklaryň ýola goýulmagy barada aýdyldy. Şeýle hem myhmanlar saparyň çäklerinde ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi we türkmen-daniýa gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow