Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Belarus Respublikasynyň milli ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy Mihail Mýasnikowiç bag ekmek çäresine gatnaşdy
Syýasy habarlar
Belarus Respublikasynyň milli ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy Mihail Mýasnikowiç bag ekmek çäresine gatnaşdy
Çap edildi 18.03.2017
1392

Parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň çäklerinde Türkmenistanda bolýan Belarus Respublikasynyň milli ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy Mihail Mýasnikowiç köpçülikleýin bag ekilişine gatnaşdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň badalga beren bag ekmek çäresi Aşgabadyň Günorta böleginde hökümet agzalaryny, parlamentiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryny, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň wekillerini, daşary ýurtly myhmanlary Köpetdagyň eteginde bir ýere ýygnady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu günki çärä işjeň gatnaşýandygy, ägirt uly taslamalary, şol sanda Garlykda kaliý duzlaryny öndürýän iri dag-magdan baýlaşdyryjy toplumy gurmak boýunça taslamany durmuşa geçirmäge belarus tarapynyň uly goşant goşýandygy üçin M.Mýasnikowiçe minnetdarlyk bildirdi. Ýurdumyzy senagatlaşdyrmagyň esasy döwlet maksatnamalarynyň biri bolup durýandyngyny bellemek bilen, milli Liderimiz bu senagat desgasynyň ulanmaga berilmeginiň diňe Türkmenistana we sebit boýunça goňşularymyza däl-de, eýsem, tutuş dünýä peýda getirer diýip nygtady. Türkmenistanyň Prezidenti belarusly kärdeşi Aleksandr Lukaşenko hem-de Belarusuň ähli halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, bu ýere ýygnananlary toplumyň açylyş dabarasyna gatnaşmaga çagyrdy.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow