Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistan we Katar halkara guramalarynyň çäklerinde özara hyzmatdaşlyga meýillerini mälim etdiler
Syýasy habarlar
Türkmenistan we Katar halkara guramalarynyň çäklerinde özara hyzmatdaşlyga meýillerini mälim etdiler
Çap edildi 15.03.2017
1300

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Dohada iki ýurduň hökümet wekiliýetleriniň öňünde çykyşynda bu sapara Türkmenistan bilen Katar döwletiniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge kuwwatly itergi berjek waka hökmünde garaýandygyny mälim etdi. Halkara düzüminiň çäklerinde ilkinji nobatda bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde özara gatnaşyklaryň meseleleri boýunça garaýşlaryň gabat gelýändigi bellenildi. 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji maslahatynda 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek barada Rezolýusiýa kabul edildi. BMG agza döwletler bu Rezolýusiýany biragyzdan goldadylar. Şunuň bilen baglylykda, bu resminama goldawy üçin Katara tüýs ýürekden hoşallyk bildirildi. Bu waka Bitaraplyk syýasatynyň sebitde hem-de tutuş dünýä ýüzünde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde kuwwatly gural bolup durýandygyny äşgär etdi.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow