Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistan Kataryň ulag-logistika kompaniýalaryny bilelikde işlemäge çagyrdy
Syýasy habarlar
Türkmenistan Kataryň ulag-logistika kompaniýalaryny bilelikde işlemäge çagyrdy
Çap edildi 15.03.2017
1335

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-katar gatnaşyklarynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy, hususan-da, deňiz we howa gatnaşyklaryny ösdürmegi görkezdi. Dohada geçen ýokary derejeli türkmen-katar gepleşiklerinde Merkezi Aziýa we Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň arasynda ykdysady gatnaşyklary has hem ösdürmäge ýardam berjek halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri döretmek boýunça başlangyçlaryň ähmiýeti bellendi. Häzirki wagtda Hazar deňzinde iri taslamanyň amala aşyrylmagy – Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň gurluşygy tamamlanyp barýar. Şunuň bilen baglylykda türkmen tarapy bu ulgamda ägirt uly iş tejribesine eýe bolan Kataryň iri ulag-logistika kompaniýalaryny bilelikde işlemäge çagyrýar. Türkmenistan Türkmenbaşy halkara deňiz portuny iri ulag-logistika ulgamyna öwürmegi maksat edinýär. Hut şu sebäpli hem ýurdumyz bu ulgamda Kataryň kompaniýalarynyň baý tejribesini öwrenmäge gyzyklanma bildirýär.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow