Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Söwda we infrastruktura ösüşi türkmen-katar ykdysady hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary hökmünde kesgitlenildi
Syýasy habarlar
Söwda we infrastruktura ösüşi türkmen-katar ykdysady hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary hökmünde kesgitlenildi
Çap edildi 15.03.2017
1379

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pikirine görä söwda-ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegi özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge itergi berer. Döwlet Baştutanymyz Dohada geçen gepleşiklerde çykyş edip, Türkmenistanyň we Katar döwletiniň haryt dolanyşygynyň hem-de hyzmat görnüşleriniň möçberini artrdyrmak, iki ýurduň ykdysady hyzmatdaşlarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak barada aýtdy. Gepleşiklerde ýurtlaryň ikisinde hem yzygiderli söwda sergileriniň hem-de işewürler maslahatlarynyň we Türkmenistanda hem-de Katarda öndürilen harytlaryň ýöriteleşdirilen bazar satuwynyň geçirilmeginiň, iki döwletiň paýtagtlarynda Söwda öýlerini açmagyň mümkinçiliklerine garalyp geçildi. Şunuň bilen baglylykda, saparyň öňüsyrasynda geçirilen ilkinji türkmen-katar işewürler maslahatynyň netijeleri nygtaldy. Bu maslahatyň barşynda möhüm ylalaşyklar gazanyldy. Özara gyzyklanma bildirilýän ulgamlaryň biri hem Katar kompaniýalarynyň Türkmenistandaky maýa goýum taslamalaryna gatnaşmagy bolup durýar. Iki ýurduň döwlet we maliýe düzümleriniň, iri kompaniýalarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmagyň zerurlygy barada aýdyldy. Türkmen tarapy Türkmenistandaky sebit ähmiýetli iri taslamalary amala aşyrmak boýunça, şeýle hem Kataryň innowasiýa taslamalaryna maýa goýum boýunça tekliplerine garamaga taýýardygyny mälim etdi. Şeýle hem Kataryň kompaniýalary Türkmenistanyň çäklerinde gazy gaýtadan işlemek boýunça zawodyň, nebithimiýasy we gazhimiýasy zawodlarynyň döredilmegine, Hazar deňziniň türkmen kenarynda amala aşyrylýan taslamalara, şeýle hem nebitgaz toplumy üçin enjamlar goýmaga gatnaşmaga çagyryldy.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow