Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Ýokary derejeli türkmen-katar gepleşikleriniň netijeleri boýunça ikitarplaýyn resminamalara gol sekildi
Syýasy habarlar
Ýokary derejeli türkmen-katar gepleşikleriniň netijeleri boýunça ikitarplaýyn resminamalara gol sekildi
Çap edildi 15.03.2017
1509

Şu gün Dohada ýokary derejeli türkmen-katar gepleşikleri geçirildi. Katar döwletiniň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al Tani hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ilki iki ýurduň resmi wekiliýetiniň gatnaşmagynda giňeldilen düzümde duşuşyk geçirdiler, soňra bolsa olar “ýüzbe-ýüz” ýagdaýda duşuşdylar. Bu ýokary derejeli duşuşyk taraplaryň strategiki we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmak meýillerini tassyklaýar. Türkmenistan ykdysadyýetde, ylymda we bilimde, energetika ulgamynda hem-de sport pudagynda düýpli üstünlikler gazanan ýurt hökmünde Kataryň tejribesini öwrenmäge uly gyzyklanma bildirýär. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de özara haryt dolanyşygyny diwersifikasiýalaşdyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Şeýle hem biziň ýurtlarymyz uglewodorod serişdeleriniň örän uly gorlaryna eýedir. Bu bolsa ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlyk etmegiň möhümdigini şertlendirýär. Türkmen-katar hyzmatdaşlygynyň köp dürli meseleleri boýunça pikir alşyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al Tani dürli pudaklarda netijeli hyzmatdaşlygy amala aşyrmagyň ýollaryny anykladylar. Gepleşikleriň ahyrynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Resminamalaryň arasynda Türkmenistanyň DIM-niň halkara gatnaşyklary instituty bilen Katar döwletiniň Diplomatiýa institutynyň arasynda diplomatlary taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlyk etmekde özara düşünişmek barada Ähtnama bar. Hökümetara derejesinde energetike ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça we standartlaşdyrmak, metrologiýa, sertifikasiýa we hasaba alyş pudaklarynda hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek barada ähtnamalar kabul edildi. “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy bilen Katar Döwletiniň Raýat awiasiýasy müdirligi özara düşünişmek barada Ähtnama gol çekdiler. Ýene bir resminama ekologiýa ugruna degişli bolup, ol bioköpdürlilik we janly tebigaty goramak boýunça özara düşünişmek barada Ähtnamadyr.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow