Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmen telekeçileri Katara eksport etmäge taýýar
Ykdysadyýet
Türkmen telekeçileri Katara eksport etmäge taýýar
Çap edildi 14.03.2017
1540

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi katar işewürlerine öz kompaniýalarynyň üstünliklerini hem-de maýa goýum taslamalaryny görkezdiler. Dohada geçen ikitaraplaýyn işewürlik maslahatynyň çäklerinde, şol sanda 16 müňden gowrag agzasy bolan TSTB-niň ulgamynda ykdysady özara gatnaşyk etmegiň usasy ugurlary beýan edildi. Häzirki günde Türkmenistanyň döwlete degişli bolmadyk ulgamynyň wekilleri gurluşykda, oba hojalygynda, azyk we ýeňil senagatynda, söwdada we hyzmatlar ulgamynda, şeýle hem bilimde we syýahatçylykda işlerini üstünlikli alyp barýarlar. TSTB-niň kärhanalarynda we guramalarynda 160 000-e golaý täze iş orunlary döredildi. Bellenilişi ýaly, türkmen telekeçileri içerki bazary azyk harytlar bilen üpjün etmek bilen birlikde Katara hem ekologiýa taýdan arassa we ýokary hilli azyk hem-de beýleki önümleri eksport etmäge taýýardyr. 2016-njy ýylda TSTB-niň agzalary tarapyndan 2 milliard amerikan dollar bahasy bolan gurluşyk desgalarynyň 140-dan gowragy ulanmaga tabşyryldy. Häzir türkmen gurluşyk kompaniýalary daşary ýurtlarda-da işläp başladylar, hususan-da, olar Moldowa Respublikasynda çagalar bagyny gurdular, Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynda 190 orunlyk mekdebiň gurluşygy dowam edýär. Mebel toplumy, polipropilenden haly öndürýän zawod, döwrebaplaşdyrylan kagyz kombinaty ýaly täze senagat desgalary amala aşyrylan taslamalaryň hatarynda agzaldy. Mundan başga-da, bazaltdan, ýoddan we beýlekilerden önüm öndürjek kärhanalary gurmak boýunça işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň we Katar döwletiniň telekeçilik düzümleriniň ugry boýunça ýygjam gatnaşyklary ýola goýmak üçin örän uly kuwwatyň bardygy barada aýdyp, çykyş edenler katar hyzmatdaşlaryna senagat ulgamynda, himiýa, gurluşyk, oba hojalyk pudaklarynda we syýahatçylykda taslamalara maýa goýmaga, şol sanda bilelikdäki önümçilik kärhanalary açmaga gatnaşmagy teklip etdiler. Katar hyzmatdaşlar işewürlik maslahatynda Türkmenistanyň ykdysady kuwwaty we üstünlikleri barada görkezilen wideofilmiň netijesinde aýdyň maglumat alyp bildiler. Wideotanyşdyrylyş innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna gönükdirilen türkmen ykdysadyýetiniň dürli ulgamlarynyň ösdürilişi hem-de “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagy we ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat barada gürrüň berdi.

Soňky habarlar
15.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 10 million 409 müň dollaryndan gowrak boldy
14.09
Halk Maslahaty: özgertmeleriň baş maksady Türkmenistanyň ilaty üçin eşretli durmuşy üpjün etmekdir
13.09
Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVI maslahaty geçirildi
13.09
«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy» seýilgähiniň açylyş dabarasy boldy
13.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVI maslahatyna gatnaşyjylara
12.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
12.09
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Halk Maslahatynyň gün tertibi
11.09
Ählumumy parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýolunda möhüm başlangyçlar
11.09
Daşoguz welaýatynda täze şäherçe dabaraly açyldy
top-arrow