Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenabatda Özbegistanyň ilkinji Prezidenti Yslam Karimowyň ýadygärligi açyldy
Syýasy habarlar
Türkmenabatda Özbegistanyň ilkinji Prezidenti Yslam Karimowyň ýadygärligi açyldy
Çap edildi 07.03.2017
1337

Türkmenabatda Özbegistanyň ilkinji Prezidenti Yslam Karimowyň ýadygärligi açyldy. Lebap welaýatynyň dolandyryş merkeziniň köçeleriniň birine-de onuň ady dakyldy. Ýadygärligiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdylar. Dabara ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, Türkmenistanyň Prezidenti hemişe halklaryň dost-doganlyk gatnaşyklaryna daýanan döwletara türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny ösdürmekde Yslam Abduganiýewiçiň uly ornuny nygtady. Özbegistan Respublikasynyň ilkinji Prezidentine iň oňat ýadygärlik – bu onuň işiniň mynasyp dowam etdirilmegidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de özara düşünişmegiň ýokary derejesiniň, umumy taryhy kökleriň netijeli döwletara gatnaşyklarynyň berk binýady bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi. Türkmen we özbek Liderleri Yslam Karimowyň ýadygärligine gül desselerini goýdular.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow