Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri Amyderýanyň üstünden gurlan täze demir ýol köprüsinden geçdiler
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri Amyderýanyň üstünden gurlan täze demir ýol köprüsinden geçdiler
Çap edildi 07.03.2017
1619

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri Amyderýanyň üstünden gurlan täze demir ýol köprüsinden geçen ilkinji ýolagçylar boldular. Körüniň iki goňşy döwletiň Baştutanlarynyň gatnaşmagyndaky açylyş dabarasyndan soň, otly Türkmenabat-Farap täze ýol bilen Amyderýanyň sag kenaryna tarap ugrady. Ýol ugrunda iki döwletiň Liderleri giň derimli gözýetimde baý milli däpler görkezilip gurnalan türkmen obasy ýaýbaňlandyrylan etnografik çykyşlary synladylar. Uzynlygy 1750 metr bolan täze demir ýol köprüsi Lebap welaýaty, Türkmenistan üçin we umuman onuň goňşy ýurtlary üçin hem geosyýasy, ykdysady we durmuş taýdan uly ähmiýete eýedir. Has köp ýük göteriji otlulara niýetlenilip, ýokary derejeli seýsmiki durnukly we ulanylyşda örän berk bolan gurnamalar peýdalanyldy. Inženerçilik gurluşy döredilende, bu ýerleriniň howa, toprak, inžener-geologiýa, gidrologiýa we tektoniki şertleri, howa ýagdaýy göz öňünde tutuldy. Amyderýanyň sag kenarynda döwlet Baştutanlary derýanyň üstünden geçýän ýene-de bir ýoluň – Türkmenabat-Farap awtomobil köprüsiniň açylyşyna gatnaşarlar.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow