Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat-Farap demir ýol köprüsini açdylar
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat-Farap demir ýol köprüsini açdylar
Çap edildi 07.03.2017
1830

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew toý bagyny kesip, Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat-Farap täze demir ýol köprüsini açdylar. Şanly waka mynasybetli dabaralaryň geçýän ýerinde türkmen we özbek artistleriniň çykyşlary, iki halkyň amaly-haşam sungatynyň sergileri, gadymy däp-dessurlaryň äheňindäki teatrlaşdyrylan çykyşlar bilen gurşalyp alnan uly baýramçylyk guraldy. Uzynlygy 1750 metr bolan täze demir ýol köprüsi täze tehnologiýalaryň ulanylamgy bilen bina edildi. Has köp ýük göteriji otlulara niýetlenilip, ýokary derejeli seýsmiki durnukly we ulanylyşda örän berk bolan gurnamalar peýdalanyldy. Köprüniň aşagyndan gämileriň geçip bilmegi üçin döredilen giňişligiň beýikligi 10 metre, ini bolsa 60 metre deňdir. Köpri demir-beton diregleriniň 18-siniň üstünde saklanýar. Diametri 1,5 metr bolan demir-beton daýançlar derýanyň 40 metrden gowrak çuňlugyndan ýere berkidilen direglere düşjek agramlary gyradeň paýlaýar. Derýanyň hanasynyň çäklerinde suw syrgynlarynyň sürtemeginden goramak üçin daýançlar aýnapoliefir turbalary bilen örtüldi. Amyderýanyň iki kenarynda-da demir ýol köprüsiniň töwereklerinde kenar berkidiji işleriň toplumy ýerine ýetirildi. Häzirki wagta çenli Amyderýanyň üstünden demir ýol hereketi 1901-nji ýyldan bäri ulanylyp gelinýän köne köpri boýunça amala aşyrylýardy. Onuň soňky gezek durky täzelenilende, gurluşynyň birnäçe serişdeleriniň örän könelendigini ýüze çykardy. Şunuň bilen baglylykda, horamtly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2013-nji ýylyň 8-nji fewralyndaky Karary bilen täze demir ýol köprüsini gurmak barada çözgüt kabul edildi.Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi gurluşygyň buýrujysy, “ALTKOM” ýol gurluşyk” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti potratçy bolup çykyş etdi. Inženerçilik gurluşy döredilende, bu ýerleriniň howa, toprak, inžener-geologiýa, gidrologiýa we tektoniki şertleri, howa ýagdaýy göz öňünde tutuldy. Täze köpri Lebap welaýaty, Türkmenistan üçin we umuman onuň goňşy ýurtlary üçin hem geosyýasy, ykdysady we durmuş taýdan uly ähmiýete eýedir.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow