Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Aşgabat we Daşkent elektrik energiýanyň Gündogar Aziýa iberilmeginiň taslamasy boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi maksat edinýär
Syýasy habarlar
Aşgabat we Daşkent elektrik energiýanyň Gündogar Aziýa iberilmeginiň taslamasy boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi maksat edinýär
Çap edildi 06.03.2017
1321

Türkmenistan we Özbegistan ählumumy gün tertibiniň durnukly ösüş hem-de onuň düzüm bölekleri bolan energetika howpsuzlygy, halkara ulag-üstaşyr gatnawlaryny ösdürmek, ekologiýa we daşky gurşawy goramak ýaly möhüm ugurlary boýunça tagallalaryny birleşdirmegini dowam eder. Şeýle beýannama bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Aşgabatda geçirilen gepleşiklerden soň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş etdiler. Durnukly energetika babatda gürrüň Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitdäki iri möçberli energetika taslamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmagy barada barýar. Şol taslamalaryň hataryna, ilkinji nobatda, Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý gaz geçirijisiniň taslamasy degişlidir. Mundan başga-da, biz Türkmenistan-Özbegistan-Täjigistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça Merkezi Aziýadan Günorta Aziýa elektroenergiýany ibermek boýunça taslamanyň çäklerinde hyzmatdaşlygymyzy işjeňleşdirmäge taýýardyrys diýip, türkmen Lideri habar berdi. Döwlet Baştutanlary häzirki duşuşygyň türkmen-özbek özara gatnaşyklaryna ýokary hilli itergi berjekdigini nygtadylar. Döwletara gatnaşyklarynyň ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy, halkara meseleleriniň birnäçesi boýunça pikir alyşmalar geçirildi. Syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny kesgitleýän ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekildi.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow