Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistan we Özbegistan Merkezi Aziýada howpsuzlyk meseleleriniň çözülmegi ugrunda tagallalaryny birleşdirýärler
Syýasy habarlar
Türkmenistan we Özbegistan Merkezi Aziýada howpsuzlyk meseleleriniň çözülmegi ugrunda tagallalaryny birleşdirýärler
Çap edildi 06.03.2017
1279

Ýokary derejedäki türkmen-özbek gepleşikleriniň netijeleri boüunça ikitaraplaýyn resminamalara go çekmek dabarasy tamamlanansoň, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler. Döwlet Baştutanlary parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak meselelerine möhüm ornuň berlendigini nygtadylar. Taraplaryň ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, halkara guramalarynyň çäklerinde-de halkara terrorçylygyna, ekstremizme, serhetüsti guramaçylykly jenaýatçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy hereket etmek ýaly wajyp meseleleri çözmek ugrunda özara gatnaşyklaryny ýygjamlaşdyrmagy ylalaşandyklary bellenildi. Merkezi Aziýada parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek meselelerinde ýurtlarymyzyň eýeleýän orny üýtgewsizdir: biz Merkezi Aziýanyň parahat we durnukly ösüşini üpjün edip bilýän mäkäm we netijeli gurallary döretmek ugrunda çykyş edýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Owgan meselelerine çemeleşmeleriň ýakyn gelýändigi bellenildi, türkmen we özbek taraplary Owganystandaky ýagdaýlary diňe parahatçylykly, syýasy serişdeler arkaly, giň umumymilli gepleşikleri geçirmegiň esasynda düzgünleşdirmek mümkindigi barada bir pikirdedir. Türkmenistan we Özbegistan Owganystanyň Hökümetine işjeň ýagdaýda halkara goldawynyň berilmegi, Owganystanyň sebitleýin we halkara ykdysady işlerine ýakynlaşmagyna ýardam bermek ugrunda çykyş edýär.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow