Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Ýokary derejedäki türkmen-özbek gepleşikleriniň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn ylalaşyklara gol çekildi
Syýasy habarlar
Ýokary derejedäki türkmen-özbek gepleşikleriniň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn ylalaşyklara gol çekildi
Çap edildi 06.03.2017
1386

Ýokary derejedäki türkmen-özbek gepleşikleri tamamlanansoň, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew Bilelikdäki Beýannamany kabul etdiler hem-de Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnama gol çekdiler. Iki ýurduň Prezidentleriniň gatnaşmagynda 2018-2020-nji ýyllarda ykdysady taýdan hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Şertnama, Demir ýol ulaglary babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Ähtnama, medeni-ynsanperwer ulgamynda 2017-2019-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2017-2018-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekildi. Şeýle hem sebitleriň arasynda -- Daşoguz welaýaty bilen Horezm oblastynyň hem-de Lebap welaýaty bilen Buhara oblastynyň arasynda Söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyklara gol çekildi. Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary, Oba we suw hojalygy ministrlikleri, “Türkmenhimiýa” Döwlet konserni Özbegistanyň kärhanalary hem-de edaralary bilen Şertnamalary baglaşdylar.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow