Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Garaşsyzlyk meýdançasynda Özbegistanyň Prezidentiniň resmi taýdan garşylanyş dabarasy boldy
Syýasy habarlar
Garaşsyzlyk meýdançasynda Özbegistanyň Prezidentiniň resmi taýdan garşylanyş dabarasy boldy
Çap edildi 06.03.2017
1507

Aşgabada gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Garaşsyzlyk meýdançasynda dabaraly resmi garşylanyşy boldy.Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz kärdeşini mübärekledi. Meýdançada belent mertebeli myhmanyň hormatyna Hormat garawuly düzüldi.Özbegistan Respublikasynyň we Türkmenistanyň Döwlet senalary ýaňlandy. Iki ýurduň liderleri nyzama düzülen esgerleriň öňünden geçdiler. Türkmenistanyň hökümetiniň agzalary Özbegistanyň Prezidentine tanyşdyryldy. Türkmenistanyň Baştutanyna hem Özbegistan Respublikasynyň hökümet wekiliýetiniň agzalary tanyşdyryldy. Dabaranyň ahyrynda Hormat garawulynyň esgerleri Garaşsyzlyk meýdançasyndan dabaraly ýöriş bilen geçip gitdiler. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew hormatly atlylar düzüminiň ugratmagynda awtoulagda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguzhan” köşkler toplumyna tarap ugradylar. Şol ýerde ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikler geçiriler.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow