Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Aşgabat Özbegistanyň Prezidentini garşylaýar
Syýasy habarlar
Aşgabat Özbegistanyň Prezidentini garşylaýar
Çap edildi 06.03.2017
1269

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew döwlet sapar bilen Türkmenistana geldi. Iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Aşgabadyň Halkara howa menzilinde özbek liderini resmi adamlar garşyladylar. Özbegistanyň Baştutanynyň gelmeginiň hormatyna uçaryň ýanynda düşelen haly ýodasynyň ugrunda Hormat garawuly nyzama düzüldi. Milli lybasly çagalar belent mertebeli myhmana duz-çörek hödürläp, gül desselerini gowşurdylar. Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti howa menzilinden sapar wagtynda özi üçin bölünip berlen kabulhana tarap ugrady. Şu gün Türkmenistanyň we Özbegistanyň Baştutanlary gepleşikleri geçirerler. Gepleşikleriň gün tertibine türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryna degişli meseleleriň giň toplumy girizildi. Ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilmegi meýilleşdirilýär. Iki ýurduň liderleri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde ýüzlenme bilen hem çykyş ederler. Saparyň birinji gününiň dowamynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň Ahalteke atçylyk toplumyna baryp görmegine garaşylýar. Şol ýerde däp boýunça belent mertebeli myhmanlar üçin saýlama bedewleriň görkezilişi hem-de jigitleriň atly çykyşlary guralýar. Ertir, 7-nji martda iki ýurduň liderleri Lebap welaýatyna baryp, Türkmenabat-Farap demir ýol we awtomobil köprüleriniň açylyş dabarasyna gatnaşarlar.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow