Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Petko Draganow Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň BMG-na agza bolmagynyň 25 ýyllygy bilen gutlady
Syýasy habarlar
Petko Draganow Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň BMG-na agza bolmagynyň 25 ýyllygy bilen gutlady
Çap edildi 05.03.2017
1262

“BMG-niň öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Merkezi Aziýa üçin Sebit merkeziniň adyndan we hut öz adamdyn Size hem-de ähli türkmen halkyna Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyna girmeginiň 25 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy beýan etmäge rugsat ediň. Geçen ýyllaryň dowamynda Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky gatnaşyklar yzygiderli ösdürildi. Türkmen tarapynyň teklibi boýunça Baş Assambleýa tutuş dünýä bileleşigi üçin möhüm ähmiýete eýe bolan kararnamalaryň birnäçesini kabul etdi. BMG-niň çäklerinde Türkmenistanyň başlangyçlary giň seslenmä eýe boldy. Milletler Bileleşiginiň hormatly we jogapkär agzasy hökmünde Türkmenistanyň abraýy ýylsaýyn artýar. Döwletliligi pugtalandyrmak işinde, milli ykdysadyýeti özgertmekde, Türkmenistanyň durnukly ösüşini üpjün etmekde BMG bilen özara gatnaşyklaryň oňyn orun eýeleýädigini kanagatlanma bilen belleýärin. Gazanylan üstünlikleriň demokratiýa, ösüş hem-de halkara giňişliginde abraýyny pugtalandyrmak ýoly boýunça Siziň ýurduňyziň mundan beýläk-de ynamly öňe gitmeginiň girewi bolup durýandygyna ynanýaryn. Şeýle hem, pursatdan peýdalanyp, hormatly jenap Prezident, Size biziň bilelikdäki işimiziň on ýylynyň dowamynda Sebit merkeziniň işine goldaw berýändigiňiz üçin hoşallyk bildirmek isleýärin. Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky gatnşayklaryň mundan beýläk-de Merkezi Aziýada parahatçylygy pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynanýaryn”.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow