Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Prezident Fransua Olland türkmen-fransuz hyzmatdaşlygyny ösdürmäge taýýardygyny beýan etdi
Syýasy habarlar
Prezident Fransua Olland türkmen-fransuz hyzmatdaşlygyny ösdürmäge taýýardygyny beýan etdi
Çap edildi 05.03.2017
1246

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly jenap Prezident! 2017-nji ýylyň 6-njy marty Fransiýa bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygyny şöhlelendirýän sene bolup durýar. 1994-nji ýylyň 28-nji aprelinde Fransua Mitteran özüniň Aşgabada sapary mahalynda Türkmenistanyň dawaly meseleleri parahatçylykly ýol bilen çözmekde we çökgünlikleri gowşatmakda mynasyp orny eýeleýändigini belledi. Şeýle hem ol Fransiýanyň Türkmenistan bilen ähli ulgamlar boýunça hyzmat etmäge taýýardygyny ynandyrdy. Çärýek asyr geçenden soň, ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli ösýändigini uly şatlyk bilen belleýärin. Hut Siziň işjeň goldawyňyz netijesinde fransuz-türkmen hyzmatdaşlygynyň ençeme taslamalary amala aşyryldy. Sizi Fransiýanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmagy dowam etmäge taýýardygyna ynandyrýaryn. Hormatly jenap Prezident, Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin. Iň gowy arzuwlar bilen, Fransua Olland, Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow