Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
YHG-nyň Sammitinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow energetika meseleleri boýunça Türkmenistanyň nukdaýnazaryny beýan etdi
Syýasy habarlar
YHG-nyň Sammitinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow energetika meseleleri boýunça Türkmenistanyň nukdaýnazaryny beýan etdi
Çap edildi 01.03.2017
1252

Yslamabatda geçýän Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sammitinde çykyş edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan energiýa serişdelerini halkara derejesinde ibermegi ählumumy ykdysadyýetiň iň bir çeýe bölekleriniň biri hökmünde ykrar edýär diýip, aýtdy. Biziň ýurdumyz degişli başlangyç bilen çykyş edip, Birleşen Milletler Guramasynyň goldawyna daýanyp, bu başlangyjy yzygerli durmuşa geçirýär. Türkmenistanyň ýene-de bir iri başlangyçlarynyň biri ygtybarly energiýa üpjünçiligini halkara-hukuk binýadyny döretmek bolup durýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Aasambleýasynyň 2008-nji 19-njy dekabrynda “Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty” atly Rezolýusiýany biragyzdan kabul etmegi bu başlanygyjy netijesindir. Şeýle möhüm resminamanyň kabul edilmegi dünýäniň energiýa üpjünçiliginiň, has dogrusy onuň energiýa hopsuzlygynyň halkara-hukuk binýadyny döretmegiň ýolunda ilkinji ädimleriň biridir. Türkmenistanyň energetika strategiýasy barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow onuň energetika akymlarynyň köp görnüşli kadalaryna esaslanýandygyny, onuň geografiýasynyň giňelmegine, halkara energiýa işlerine gatnaşmaga gyzyklanýan barha köpsanly ýurtlaryň çekilmegine daýanýandygyny belledi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, soňky ýyllarda Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý we Türkmenistan –Eýran ugurlary boýunça gaz geçirileri guruldy. Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijirsiniň gurluşygyna girişildi. Bu taslamalar Ykdysady Hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlaryň gatnaşmagynda durmuşa geçirilýär.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow