Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Yslamabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň XIII Sammiti açyldy
Syýasy habarlar
Yslamabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň XIII Sammiti açyldy
Çap edildi 01.03.2017
1254

Yslamabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli XIII Sammiti açyldy. Oňa Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşýar. Döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, YHG agza ýurtlaryň ýokary wezipeli wekilleriniň we halkara düzümleriniň gatnaşmagynda geçirilýän bu duşuşyk, geçilen ýola baha bermek we seljermek geljek üçin möhüm ugurlary kesgitlemek nukdaýnazaryndan Guramanyň işiniň möhüm bölegi bolar. Forum “Serena” myhmanhanasynda geçýär. Mejlisiň başlanmagynyň öňüsyrasynda oňa gatnaşýanlaryň bilelikde surata düşmeginiň resmi dabarasy boldy. Sammitde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem çykyş eder. Türkmenistanyň YHG bilen özara hereket etmeginiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda – sebitde howpsuzlygy üpjün etmegiň, şol sanda energetika, ekologiýa, ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyň meseleleri bar. Bu ugurlar hemmesi boýunça Türkmenistan möhüm başlangyçlar bilen çykyş edýär. Döwlet Baştutanymyz tarapyndan kesgitlenen sebit we yklym derejesinde halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça başlangyçlar häzirki wagtda aýratyn möhüm häsiýete eýe bolýar. Ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek üçin amatly halkara ýagdaýlaryny döretmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň örän wajyp bölegi bolup durýar. 2008-nji we 2013-nji ýyllarda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Türkmenistan tarapyndan teklip edilen dünýä bazarlaryna energogöterijileri ygtybarly we durnukly ibermek boýunça Rezolýusiýanyň taslamalaryny biragyzdan kabul etdi. Diwersifikasiýalaşdyrmak strategiýasyny yzygiderli amala aşyrmak bilen Türkmenistan soňky ýyllarda öz hyzmatdaşlary bilen bilelikde gündogar we günorta ugurlary boýunça birnäçe iri turbageçiriji taslamalary amala aşyrdy. Ýene bir iri energetika taslamasy – Türkmenistan-Owganystan-Pakistan –Hindistan (TOPH) durmuşa geçirilip başlandy. YHG Sammitiniň netijeleri boýunça metbugat konferensiýasy geçiriler.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow