Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri telefon arkaly söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri telefon arkaly söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar
Çap edildi 28.02.2017
1275

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki ýurduň Liderleri dostlarça salamlaşyp, ilkibaşdan deňhukuklylyk, netijelilik esasynda hem-de strategiki hyzmatdaşlyk ýörelgelerinde guralýan türkmen-rus gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak babatda dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Söhbetdeşligiň barşynda Russiýa Federasiýasynyň Baştutany Merkezi Aziýa boýunça amala aşyrýan saparynyň tertipnamasyna laýyklykda, çäreleriň köpdügi sebäpli, Türkmenistana baryp bilmändigine gynanýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Wladimir Putin türkmen kärdeşini hökmany suratda onuň çakylygyndan peýdalanjakdygyna we ýurdumyza geljekdigine ynandyrdy. Türkmen-rus gatnaşyklary baradaky gürrüňiň dowamynda söhbetdeşler Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparynyň işiniň uly ähmiýete eýedigini bellediler. Bu toparyň şu aýda Moskwada geçirilen 10-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, hyzmatdaşlygyň täze usullaryny işläp taýýarlamaga, netijeli işewür gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ýardam etjek resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. Taraplar sebit hem-de tutuş dünýäde meseleleriň birnäçesi boýunça hem pikir alşyp, iki döwletiň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmek maksady bilen, mundan beýläk-de abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk ýoluna eýerjekdigini tassykladylar. Milli Liderimiz ýene-de bir gezek russiýaly kärdeşini Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy. Bu çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin hoşlaşanlarynda, iki ýurduň halklarynyň adyna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, türkmen-rus gatnaşyklarynyň umumy abadançylygyň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine, täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler. Telefon arkaly söhbetdeşlik Russiýa tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow