Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň telefon arkaly söhbetdeşligi boldy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň telefon arkaly söhbetdeşligi boldy
Çap edildi 28.02.2017
1218

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Pursatdan peýdalanyp, Täjigistanyň Baştutany türkmen Liderini golaýda geçirilen Prezident saýlawlarynda gazanan ynamly ýeňşi we döwlet Baştutanynyň wezipesine girişmegi bilen gutlady hem-de milli Liderimize berk jan saglyk we ýokary döwlet wezipesindäki köpugurly işinde täze üstünlikler arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar we mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, häzirki döwürde däp bolan türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň toplanan köpýyllyk tejribä hem-de bar bolan kuwwata esaslanyp, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidentleri däp bolan dostlukly türkmen-täjik gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, iki ýurduň doganlyk halklaryna parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler. Telefon arkaly söhbetdeşlik täjik tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow