Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Obasenagat toplumyny ösdürmekde esasy ylmy-tehnologiýa binýady hökmünde ylmy-barlag institutlarynyň orny ýokarlandyrylar
Ykdysadyýet
Obasenagat toplumyny ösdürmekde esasy ylmy-tehnologiýa binýady hökmünde ylmy-barlag institutlarynyň orny ýokarlandyrylar
Çap edildi 27.02.2017
1761

Oba hojalyk toplumynyň meseleleri boýunça iş maslahatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň obasenagat toplumynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri işjeňleşdirmek baradaky talaplaryna üns berildi. Oba hojalyk önümleriniň möçberlerini artdyrmak esasy meseleleriň biridir. Bu topraga ideg edilişini ýokarlandyrmagyň, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmekde, ylmy taýdan esaslandyrylan usullaryny önümçilige giňden ornaşdyrmagyň, tohumçylyk işleriniň netijeli guralmagynyň, suwdan rejeli peýdalanmagyň hasabyna gazanylmalydyr. Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, häzirki wagtda ylmy-barlag oba hojalyk institutlary ýeterlik derejede işlemeýär. Şunuň bilen baglylykda, maslahata gatnaşanlar Türkmenistanyň Prezidentiniň görkezmelerini we tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça ilkinji nobatda amala aşyrylmaly çäreleri, şol sanda sebitlerde maldarçylygy, guşçulygy, gök ekerançylygy, miwe, üzüm, bakja önümlerini ösdürip ýetişdirmegi güýçli depginde ýokarlandyrmaga degişli çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, bu çäreler oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga, iri we ownuk şahly mallaryň hem-de guşlaryň baş sanyny artdyrmaga, ýyladyşhanalary, çig maly gaýtadan işleýän we şonuň esasynda ýokary hilli önüm öndürýän döwrebap obasenagat kärhanalarynygurmaga, agrar ulgama ykdysadyýetiň hususyýetçilik düzüminiň wekillerini çekmäge ýardam berýän öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga degişlidir. Şunuň bilen birlikde, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek, ak ekine ideg etmek, gowaça ekişine taýýarlyk görmek we beýleki işler bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp msalahatlaşyldy. ""Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyny"", “Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmegiň Baş maksatnamasyny” we beýleki iri göwrümli durmuş-ykdysady maksatnamalary amala aşyrmagyň barşyna aýratyn üns berildi. Bu maksatnamalaryň çäklerinde türkmen obasynyň durmuşyny düýpli özgerdýän iri maýa goýum taslamalary amala aşyrylýar.

Soňky habarlar
21.08
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy
21.08
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
20.08
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ählumumy abadançylygyň baş şertidir
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
top-arrow