Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistan we Eýran söwda-ykdysady, senagat-tehnolgiýa gatnaşyklaryny giňeldýär
Syýasy habarlar
Türkmenistan we Eýran söwda-ykdysady, senagat-tehnolgiýa gatnaşyklaryny giňeldýär
Çap edildi 27.02.2017
1303

Türkmenistanyň we Eýranyň söwda-ykdysady gatnaşyklarynda iki ýurduň ylmy we senagat kuwwatlyklarynyň ulanylmagynyň möhümdigi barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasynyň ertir, 28-nji fewralda Aşgabatda açylýan XIII ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşyjylara iberen gutlagynda aýdylýar. Türkmenistanyň söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde guralýan gözden geçirilişiň çäklerinde ikitarpalaýyn işewürlik maslahaty geçiriler. Onuň gün tertibine hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň ugurlary, şol sanda ýakyn geljek üçin bilelikdäki taslamalar girizildi. 2-nji marta çenli dowam etjek sergä Eýranyň iri kompaniýlarynyň we guramalarynyň 40-a golaýy, Eýranyň Senagat, magdan we söwda ministrliginiň wekilleri gatnaşarlar. Eýran Türkmenistanyň esasy daşary söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistanyň harytlary eksport edýän ýurtlarynyň hatarynda eýran 2016-njy ýylyň jemleri boýunça ikinji orna düşdi. Türkmenistanyň import gatnaşygynda bolsa Eýran 7-nji orny eýeleýär.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow