Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Moskwada Hökümetara türkmen-russiýa toparynyň onunjy mejlisinde birnäçe resminamalara gol çekildi
Syýasy habarlar
Moskwada Hökümetara türkmen-russiýa toparynyň onunjy mejlisinde birnäçe resminamalara gol çekildi
Çap edildi 24.02.2017
1277

Ýurdumyzyň wekiliýeti Russiýa Federasiýasyna bolan iş saparynyň barşynda 20-21-nji fewralda Moskwada geçirilen ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-russiýa toparynyň nobatdaky onunjy mejlisine gatnaşdy. Duşuşykda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy seljerildi, olaryň geljekki ösüş ugurlary anyklaşdyryldy hem-de özara hereket etmegiň geljegi uly täze ugurlary kesgitlenildi. Mejlisiň netijeleri boýunça birnäçe resminamalara, şol sanda degişli Teswirnama hem-de Türkmenistanyň Hökümeti bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň arasynda 2017-2019-njy ýyllarda ykdysady taýdan hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasyna gol çekildi, bu maksatnamany ýerine ýetirmegiň Meýilnamasy tassyklanyldy. Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy D. Medwedew bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň barşynda rus tarapynyň döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga taýýardygy tassyklanyldy. Şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň DIM-de gepleşikler geçirildi, şol gepleşikleriň netijeleri boýunça iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2017-nji ýyl üçin hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasyna gol çekildi.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow