Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmen hokkeýçileri Ýaponiýada gyşky Aziadanyň finalyna çykdylar
Sport
Türkmen hokkeýçileri Ýaponiýada gyşky Aziadanyň finalyna çykdylar
Çap edildi 24.02.2017
2427

Türkmenistanyň ýygyndysy VIII gyşky Aziýa oýunlarynyň çäklerinde geçirilýän ikinji diwizionyň hokkeý ýaryşlarynyň finalyna çykdy. Ildeşlerimiz üçünji oýunda Indoneziýanyň toparyndan hem üstün çykyp (12:2), “B” toparda öňdeligi eýelediler. Munuň özi olara yklym derejesindäki abraýly ýaryşlaryň birinji diwizionyna çykmak ugrunda göreşmäge hukuk berdi. Öňki iki oýunda Baýram Allaýarowyň şägirtleri malaýziýaly türgenlerden (9:2) hem-de Hytaýyň Makaosyndan bolan hokkeýçilerden üstün çykdylar (16:0), düýn bolsa ýoldaşlyk duşuşygynda Eýran Yslam Respublikasynyň türgenlerini ýeňmegi başardylar (13:2). Şeýlelikde, türkmenistanlylar mümkin bolan 9 utukdan 9 utuk topladylar. 26-nji fewralda geçiriljek ikinji diwizionyň aýgytlaýjy oýnunda olar “A” toparynda birinji orny eýelän Gyrgyzystanyň ýygyndysy bilen duşuşarlar. Şu günki duşuşykda biziň hüjümçimiz Döwlet Söýünow garşydaşlaryň derwezesine üç hokkeý topuny geçirmegi başardy. Meýlis Kulyýewiň we Ewald Gaýewiň her biri iki gezekden tapawutlandy. Baýmyrat Baýmyradow, Döwlet Hydyrow, Aleksandr Borkowskiý we Dmitriý Sawin hem bir hokkeý pökgüsini geçirmegi başardylar. Aşgabadyň esasy toparlarynyň (“Galkan”, “Şir”, “Oguz han” we “Nesil”) oýunçylaryndan düzülen Türkmenistanyň hokkeý boýunça ýygyndysy Aziada ilkinji gezek gatnaşdy. Ildeşlerimiziň şeýle iri halkara ýaryşynda üstünlikli çykyş etmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe giň gerime eýe bolan milli sport hereketiniň ýokary derejesini tassyklaýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkymyzyň saglygy barada ýadawsyz alada etmegi netijesinde türkmenistanlylar sportuň gyşky görnüşleri bilen meşgullanmaga mümkinçilik aldylar, dürli halkara ýaryşlaryna gatnaşyp başladylar. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça ýurdumyzda döwrebap sport toplumlarynyň onlarçasy guruldy. Biziň hokkeýçilerimiziň Sapporoda geçirilýän VIII Aziýa oýunlarynda şowly çykyş etmegi ähli tagallalaryň ýerine düşýändigine şaýatlyk edýär. Biziň toparymyz altyn medallar ugrunda göreşerler, final duşuşygyndaky ýeňiş 2021-nji ýylda geçiriljek IX gyşky Aziýa oýunlarynyň birinji diwizionyna ýollanmany üpjün eder.

Soňky habarlar
01.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.05
Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen noutbuk kompýuterlerini satyn almak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
01.05
Türkmen saz sungatynyň ussadyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat
30.04
Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry — se­bi­tiň we dün­ýä­niň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mä­ge go­şant
29.04
Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministrini kabul etdi
29.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi
28.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär
28.04
Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
28.04
Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine gatnaşyjylara
27.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow