Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Görnükli daşary ýurtly syýasatçylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Prezident saýlawlaryndaky ýeňşi bilen gutlaýarlar
Syýasy habarlar
Görnükli daşary ýurtly syýasatçylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Prezident saýlawlaryndaky ýeňşi bilen gutlaýarlar
Çap edildi 19.02.2017
1309

Sizi Türkmenistanyň Prezidentiniň 12-nji fewralda geçirilen saýlawlarynda Prezident wezipesine gaýtadan saýlanmagyňyz bilen gutlaýaryn, bu saýlawlara Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Demokratiýa we adam hukuklary boýunça edarasynyň bilermenleri gözegçiligi amala aşyrdylar. Mümkinçilikden peýdalanyp, Size ÝHHG-niň we Türkmenistanyň arasynda giň hyzmatdaşlygyň ýola goýulýandygy üçin hoşallygymy beýan edýärin, Siziň ýurduňyz köp ýyllaryň dowamynda Merkezi Aziýada möhüm hyzmatdaşlaryň biri bolup durýar. Siziň baştutanlygyňyzda Türkmenistanyň mundan beýläk hem demokratik dolandyryşy, howpsuzlygy hem-de ykdysady abadançylygy pugtalandyrmak boýunça özgertmeleri geçirmegi dowam etjekdigine ynanýaryn. Sizi ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi tarapyndan ýurduňyzyň öňe sürýän başlangyçlarynyň hemişe doly goldanyljakdygyna ynandyrmaga rugsat ediň diýlip, ÝHHG-niň Baş sekretary Lamberto Zanýeriň gutlagynda aýdylýar. Türkmen halkynyň 12-nji fewralda geçirilen saýlawlara işjeň gatnaşmagy hem-de Siziň Alyhezretiňiziň üçünji gezek ýokary döwlet wezipesine saýlanmagyňyz halkyňyz tarapyndan syýasatda we durmuş- ykdysady ösüşde amala aşyrýan maksatnamalaryňyzyň goldanylýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.Siziň tagallalaryňyz netijesinde Owganystan Yslam Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň barha berkeýändigini bellemäge şatdyryn, bu hyzmatdaşlyk ähli ugurlar boýunça ösdürilýär, muňa Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisi, Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýoly, Türkmenistandan Owganystanyň çäginden geçýän Pakistana çenli elektrik geçirijilerini çekmek ýaly iri möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň barşy hem şaýatlyk edýär diýip, Owganystan Yslam Respublikasynyň Ýerine ýetiriji häkimiýetiniň baştutany Doktor Abdulla Abdulla iberen hatynda belleýär.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow