Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda syýasy ulgamy kämilleşdirmegiň möhümligini belledi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda syýasy ulgamy kämilleşdirmegiň möhümligini belledi
Çap edildi 17.02.2017
1428

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ruhyýet Köşgünde Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentiniň resmi taýdan işe girişmek dabarasynda sözlän sözünde döwlet durmuşynda Ýaşulylar maslahatynyň ähmiýetiniň berkidilmegine ünsi çekdi. Mysal üçin, şu ýyl Ahal welaýatynda geçiriljek Ýaşulylar maslahatynda onuň ähmiýetini güýçlendirmek üçin Maslahatyň Düzgünnamasyna kanunçylyk düzedişlerini girizmek meselesi ara alnyp maslahatlaşylar, ol soňra Mejlisiň garamagyna hödürleniler. Şunda geljekde Mejlisiň ýa-da Ministrler Kabinetiniň döwletiň içerki we daşary syýasatyna deçişli möhüm kararlarynyň Ýaşulylar maslahatynyň goldamagynda güýje girjekdigi göz öňünde tutulýar. Döwlet baştutany şeýle hem jemgyýetçilik-syýasy durmuşda ýerli ýerine ýetiriji häkimiýeti berkitmegiň, häkimiýetiň ýerli wekilçilikli saýlaw edaralarynyň- welaýat, etrap we şäher Halk maslahatlarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň, ýerli öz-özüni dolandyryş edaralarynyň-Geňeşleriň ähmiýetini güýçlendirmegiň zerurlygyny nygtady. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow täze döredilen partiýalaryň işini kämilleşdirmek üçin zerur çäreleri göreris diýip, öz çykyşynda aýtdy. Halkyň durmuş we hukuk goraglylygyny, raýatlaryň hukuk taýdan goldanylmagyny berkitmek esasy wezipeleriň biri hökmünde agzaldy. Türkmenistanda ýakyn wagtda ombudsmen- adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň instituty işläp başlar, ol ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň we wezipeli adamlaryň işlerinde raýatlaryň hukuklarynyň we bähbitleriniň berjaý edilmegine gözegçilik eder. Döwlet baştutany mundan başga-da, halkara terrorçylygyna, ekstremizme, serhetüsti guramaçylykyly jenaýata, neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygyna aýgytly garşy durmaga ünsi çekdi. Bu ugurda halkara guramalary bilen jebis hyzmatdaşlygyň zerurlygy bellenildi.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow