Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow älem giňişligini öwrenmek boýunça merkez döretmek barada pikir aýtdy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow älem giňişligini öwrenmek boýunça merkez döretmek barada pikir aýtdy
Çap edildi 17.02.2017
1491

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ruhyýet Köşgünde Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentiniň resmi taýdan işe girişmek dabarasynda sözlän sözünde ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny we esasy wezipelerini belledi. Döwlet baştutany aragatnaşyk pudagyny ösdürmäge uly üns bereris, älem giňişligini özleşdirmegi, täze hemralary uçurmagy dowam ederis, olar telearagatnaşyk ulgamlarynyň kämilleşdirilmegine, halk hojalygynyň netijeli işlemegine, yklymlary birleşdiren Beýik Ýüpek ýolunyň dikeldilmegine ýardam eder diýip belledi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow biziň ýurdumyz tutuş adamzat üçin uly ähmiýetli bu pudaga mynasyp goşant goşmalydyr diýip, munuň halkara ykdysady we söwda gatnaşyklarynyň giňeldilmegine ýardam etjekdigini nygtady. Orta asyrlarda ýaşap geçen türkmen alymlary ýurdumyzda güneşli günleriň köplüginden peýdalanyp, Äleme aň ýetirmekde täsin açyşlar edipdirler we dünýä ylmynyň ösüşine uly goşant goşupdyrlar. Şonuň üçinem, biz hem älem giňişligini öwrenmek üçin ýurdumyzda dünýä derejesindäki obserwatoriýaly merkez gurarys diýip döwlet baştutanymyz belledi.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow